Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Türkmenistan bilen arada 17 ýyl mundan ozal gol çekilen howpsuzlyk ylalaşygyny ratifikasiýa etdi


Russiýanyň Döwlet Dumasy
Russiýanyň Döwlet Dumasy

Russiýanyň Döwlet Dumasy “Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda howpsuzlyk pudagynda hyzmatdaşlyk şertnamasyny” ratifikasiýa etdi. Bu barada DumaTw websaýtynda maglumat çap boldy.

Bu dokumente 2003-nji ýylyň 10-njy aprelinde Moskwada Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň arasynda, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeliligini ösdürmek maksady bilen gol çekilipdi.

Maglumata görä, bu ylalaşyk kollektiwleýin howpsuzlygy güýçlendirmek, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylygy goraýyş missiýasyny pugtalandyrmak we şertnamanyň taraplarynyň bähbitlerine täsir edýän sebitdäki konfliktleri we beýleki krizis ýagdaýlaryny çözmek üçin döwletleriň daşary syýasatyny utgaşdyrmagy göz öňünde tutýar.

Mundan başga-da, ylalaşykda halkara terrorçylyga garşy göreşiň çäginde terrorçy we ekstremist guramalaryň işini basyp ýatyrmak üçin ygtyýarly bölümleriň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň mehanizmini göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda 2003-nji ýylda gol çekilen howpsuzlyk şertnamasynyň aradan 17 ýyl geçenden soňra, häzirki pursat ratifikasiýa edilendigi barada düşündiriş berilmeýär.

XS
SM
MD
LG