Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Alyýew garabag ermenileri üçin "medeni özbaşdaklygy" aradan aýyrmady


Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew
Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew Dagly-Garabaga "medeni özbaşdaklyk" bermek mümkinçiligini aradan aýyrmaýar diýip, TASS Azerbaýjanyň döwlet eýeçiligindäki AzTV-sine salgylanyp habar berdi.

Alyýew AzTV telekanalyna beren interwýusynda adamlaryň "öz ýaşaýan etraplarynda we jemgyýetlerinde belli bir hukuklara eýe bolan" “ösen ýewropa ýurtlaryny” mysal getirdi.

Azerbaýjanyň prezidenti haýsy ýurtlaryň kanunlaryny nazarda tutýandygyny anyklaşdyrman, diňe Azerbaýjanyň çäginde ýaşaýan ermenileriň hem "şeýle aragatnaşykda bolup biljekdigini" bellemek bilen çäklendi.

Şol bir wagtyň özünde-de Alyýew "Azerbaýjanyň çäginde ikinji ermeni döwletiniň döredilmegine asla ýol bermejekdigini" we goşunynyň "basyp alnan ýerleri" yzyna almagyny dowam etdirjekdigini aýtdy.

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan bir gün öň öz-özüni jar eden Dagly-Garabagdaky konfliktiň diplomatik çözgüdiniň ýokdugyny aýtdy. "Biziň geljekdäki hereketlerimiz, halkymyzyň hukuklarynyň hatyrasyna, ahyryna çenli göreşmekden ybarat" diýip, Paşinýan öz feýsbuk sahypasynda göni efire berlen çykyşynda aýtdy.

Ol ermeni şäherleriniň häkimlerini meýletinçileri toplamaga we ilaty ellerine "ýarag almaga" çagyrdy.

Ýurduň Daşary işler ministrligi bu beýanatyň yz ýanyndan premýer-ministriň sözlerine düýpden ters gelýän beýanat çap edip, bu konfliktiň diňe parahatçylykly ýollar arkaly çözülip bilinjekdigini aýtdy.

Şol bir wagtda, resmi taýdan yglan edilen wagtlaýyn ýaraşyga we konflikti çözmek boýunça alnyp barylýan gepleşiklere garamazdan, Baku bilen Ýerewan atyşygyň dowam edýändigini habar berdi. Dagly-Garabagda sentýabryň aýagyndan bäri 800-den gowrak ermeni esgeriniň söweşde ölendigi aýdyldy. Azerbaýjan ýitgilerini mälim etmeýär.

XS
SM
MD
LG