Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagly-Garabag üstündäki täze çaknyşyklaryň arasynda ermeni, azerbaýjan ministrleri Pompeo bilen duşuşdy


Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow we Ermenistanyň daşary işler ministri Zohrab Mnatsakanian Pompeo bilen Döwlet departamentinde, aýry-aýrylykda duşuşdy. 
Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow we Ermenistanyň daşary işler ministri Zohrab Mnatsakanian Pompeo bilen Döwlet departamentinde, aýry-aýrylykda duşuşdy. 

Ermenistanyň we Azerbaýjanyň ýokary derejeli diplomatlary 23-nji oktýabrda, bölünen sebit üstünde barýan uzaga çeken konfliktiň çäginde Azerbaýjanyň we etniki ermeni güýçleriniň arasyndaky söweşleriň dowam edýän wagtynda, Waşingtonda ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen duşuşdylar.

Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow we Ermenistanyň daşary işler ministri Zohrab Mnatsakanian Pompeo bilen Döwlet departamentinde, aýry-aýrylykda duşuşdy.

Pompeo "zorlugy bes etmegiň we parahat ilaty goramagyň zerurdygyny nygtady" diýip, Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Morgan Ortagus gepleşiklerden soň eden beýanatynda aýtdy.

Şeýle-de Pompeo taraplaryň ÝHHG-nyň Minsk toparynyň howandarlygynda düýpli gepleşiklere girmeginiň möhümdigini nygtady diýip, Ortagus aýtdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Fransiýa we Russiýa 1990-njy ýyllaryň başynda Dagly-Garabag meselesine çözgüt tapmak üçin döredilen Minsk toparynyň egindeş başlyklary bolup durýar.

Mnatsakanian Pompeo bilen duşuşyp, Döwlet departamentinden çykanda žurnalistlere "gaty gowy" diýdi we, “Roýters” habar gullugynyň habaryna görä, ýaraşyk ugrundaky tagallalaryň dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Baýramow Pompeo bilen duşuşykda Dagly-Garabagyň "ermeni basyp alynmasy" hökman bes edilmeli diýendigini aýtdy.

"Biz konfliktiň syýasy çözgüdini tapmaga ygrarly we düýpli gepleşikleri gyssagly ýagdaýda dikeltmäge taýýar" diýip, Baýramow aýtdy. AFP onuň sözlerini sitirläp, "Ermenistan manyly gepleşiklerden gaça durmagyny bes etmeli we dowamly parahatçylygy saýlap almaly" diýendigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG