Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Janyndan geçen bombaçy Kabuldaky bilim merkezine zarba urdy, “Al-Kaýdanyň” ýokary derejeli lideri öldürildi


Ýaralyny hassahana alyp baýran owgan erkegi. Kabul, 24-nji oktýabr, 2020.
Ýaralyny hassahana alyp baýran owgan erkegi. Kabul, 24-nji oktýabr, 2020.

Owgan resmileri 24-nji oktýabrda Kabulyň Daşt-e Barçidäki bilim merkeziniň daşynda amala aşyrylan bomba hüjümde azyndan 18 adamyň ölendigini aýdýarlar.

Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Tarik Arian janyndan geçen bombaçynyň hüjüminde azyndan 57 adamyň ýaralanandygyny aýdyp, ýogalanlaryň sanynyň ýene artyp biljekdigini duýdurdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini "Yslam döwleti" ekstremist topary öz üstüne aldy.

Bombaçy Kawsar merkezine girmäge synanyşdy, ýöne howpsuzlyk işgärleri ýakynlaşanda özüni partlatdy diýip, beýanatda aýdylýar.

Bu merkez esasan Kabulyň günbatar etrabynda köplük bolup ýaşaýan şaýylaryň, Hazara etrabynyň ýokary bilim alýan studentleri üçin sapaklary we kurslar hödürleýär.

AFP habar gullugy şaýat Ali Rezanyň sözlerine salgylanyp, pidalaryň köpüsiniň merkeze girjek bolup duran studentler bolandygyny aýtdy.

Bu hüjüm Kabulyň gündogarynda bir awtobusyň ýol ýakasyndaky bombanyň üstünden baryp, asuda ilatdan dokuz adamyň öldürilmeginiň yz ýanyndan boldy.

Döwlet resmileri bu partlamany “Talybandan” gördüler.

Şu aralykda, Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri “Al-Kaýdanyň” ýokary derejeli liderini, ABŞ tarapyndan gözlenýän Abu Muhsin al-Masrini öldürdi.

Owganystanyň Milli howpsuzlyk müdirligi 24-nji oktýabrdaky twitinde “Al-Kaýdanyň” 2-nji uly derejeli şahsy hasaplanýan al-Masriniň Gazni welaýatynyň ýörite güýçleri tarapyndan öldürilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG