Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taryhy ses berişlikden soň Zelenskiý Ukrainada saýlawlaryň erkin häsiýetine üns çekýär


Ukrainanyň Dnipro şäherinde bir saýlaw uçastogy. 25-nji oktýabr.
Ukrainanyň Dnipro şäherinde bir saýlaw uçastogy. 25-nji oktýabr.

Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý ýurduň erkin saýlawlaryny magtady hem-de Ukrainanyň dogry ýolda ilerleýändigini nygtady. Ol muny 25-nji oktýabrda ýurduň häzirki zaman taryhynda iň netijeli hasaplanan ýerli saýlawlarda ses berişlik tamamlanandan soň aýtdy.

Zelenskiý saýlawlar tamamlanandan soň Facebook sahypasynda, käbir goňşulardan tapawutlylykda “Ukrainanyň bir kaşaňlygy bar – ol hem erkin saýlawlar” diýip ýazdy.

Ol “hapa puluň hem-de dogruçyl däl media resurslarynyň heniz hem saýlaw netijelerine täsir edýändigini” belläp, ýurduň saýlaw ulgamynyň “heniz hem kämil däldigini” boýun aldy.

Ýöne ol Ukrainanyň dogry ýolda ilerleýändigini we her bir erkin saýlawyň “Ukrainanyň hemişelik erkinligine subutnamadygyny” aýtdy.

Şeýle-de, ol ukrainalylaryň jogapkärçilikli we täsirli ýerli hökümetleri döretjegine özüniň ynanýandygyny aýtdy we merkezi häkimiýet bilen ýerli wekilleriň arasynda hyzmatdaşlygy wada berdi.

Soňky saýlawlar ýurtda ilkinji gezek häkimiýeti merkezleşdirmeýän, ony Kiýewden ýerli dolandyryş edaralaryna geçirýän täze Saýlaw kodeksiniň esasynda geçirildi.

Saýlawlar 2019-njy ýylyň başlarynda uly ýeňiş bilen wezipä saýlanan Zelenskiý we onuň "Halkyň hyzmatkäri" partiýasy üçin möhüm synag boldy.

“Rating Group” saýlaw agenliginiň maglumatlaryna görä, "Halkyň hyzmatkäriniň" sesleriň bary-ýogy 17 prosentini almagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG