Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus Polşa, Litwa we Ukraina bilen aradaky serhet geçelgelerini ýapdy


Belarus - Nowaýa Huta, Belarus-Litwa serhedi. 28-nji oktýabr, 2020
Belarus - Nowaýa Huta, Belarus-Litwa serhedi. 28-nji oktýabr, 2020

Polşadan, Litwadan we Ukrainadan gaýdyp gelen raýatlar Belarusyň çägine girip bilmeýärler diýip, Azatlyk radiosynyň Belarus gullugy, Onliner.by we TUT.BY neşirleri habar berýär.

Habar berilmegine görä, readaksiýa günüň ikinji ýarymynda Belarus raýatlarynyň Polşadan we Litwadan yzyna dolanyp bilmejekdigi baradaky habarlary alyp başlady. Şeýle-de, Ukrainadan we Latwiýadan gelýänleriň hem ýurda girmeginiň kyn boljakdygy aýdylýar. Belarusa diňe diplomatik belgili ýük awtoulaglary we awtoulaglar goýberilýär diýip, habarda aýdylýar.

Serhet ýapylmasy baradaky maglumatlary Grodno serhet toparynda tassyk etdiler.

"Gynansagam, serhet häzir ýapyk" diýip, Grodno sebitindäki serhet gözegçilik nokatlarynyň biriniň operatiw işgäri Onliner.by neşirine aýtdy.

“Bu köpler üçin, şol sanda biz üçin-de garaşylmadyk waka boldy. Hiç kim garaşmandy. Alada galmaň, bu hiç bir jähtden harby düzgün däl. Mesele COVID -19. Haýsy tarapyň başlandygyny aýdyp biljek däl” diýip, serhetçi sözüniň üstüni ýetirdi.

Biraz soň Döwlet serhet komitetiniň web sahypasynda "goňşy ýurtlar bilen aradaky araçäk geçelgeleriniň bir topary COVID-19 şertlerinde işlemeýär" diýen habar peýda boldy.

Okyjylar TUT.BY-a Ukraina bilen serhetdäki "Nowaýa Guta" serhet geçelgesinde 10-dan gowrak awtoulagyň, ýolagçy gatnadýan awtobuslaryň we ýük awtoulaglarynyň Belarusa girip bilmän durandygyny, emma Belarusdan gelýän awtoulaglaryň serhetden geçirilýändigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG