Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Raýon ýolbaşçysy çaga dogrulýan öýde korrupsiýany paş edýän wideodan soň, wraçlaryň işden boşadylmagyny talap etdi


Furkat raýonynyň häkimi Dilmuradjon Soliýew çaga dogrulýan öýde ýüze çykan korrupsiýa gaharlanýar.

Özbegistanyň Fergana welaýatynyň Furkat raýonynda ýerli bäbekhanada dowam edýän parahorluk baradaky wideoýazgy köpçülige ýaýrandan soň, etrap ýolbaşçysy Dilmuradjon Soliýew wraçlaryň işden boşadylmagyny talap etdi. Bäbekhanada ‘söýünji’ hökmünde berlen puly wraçlar öz aralarynda paýlaşyp bilmändirler.

29-njy oktýabrda düşürilen wideo Azatlyk Radiosyna hem ýollandy. Onda Fergana oblastynyň Furkat raýonynyň häkimi Dilmuradjon Soliýew çaga dogrulyş öýüniň alnynda durup, wraçlara daş çykmagy berk talap edip gygyrýar.

«Söýünji puluny paýlaşyp bilmeýän binamyslar. Baryňyz daş çykyň. Muňa baryňyz jogap beriň» diýip, ol ýazgyda aýdýar.

Şondan soň etrap häkimi keselhananyň ýolbaşçysyndan korrupsiýanyň soňuna çykmagy talap edýär.

«Bir adaty ýigit 1 million sum (ABŞ-yň 100 dollary) aýlyk alýar, çaga dogran aýaly oňa keselhanadan çykyp bilmeýändigini aýdýar. Siz bolsa bäbekhananyň içinde guty goýýaňyz, onuň ýüzüne-de: “Hormatly Furkar raýonynyň halky! Biz sisi perzendiňiziň – ogluňyzyň, gyzyňyzyň, agtygyňyzyň dogulmagy bilen gutlaýarys. Eger siz ak ýürekden söýünji bermek isleseňiz, ony medisina işgärlerine we sanitarlara bermäň. Göwnüňizden çykaranyňyzy, ine, şu gutulara taşlaň! Biziň iki metjidimiz bar. Pullar mätäçlere berle” diýip ýazypsyňyz» diýip, wideoda häkim aýdýar.

Köpçülige ýaýran wideoda Furkat raýonynyň ýolbaşçysy çaga dogrulýan bölümindäki doktorlaryň onuň öz çagasy dünýä inende ejesinden pul soralandygyny aýdýar.

«Geçen ýyl men ýok wagtymda, ejem gelip size pul beripdir. Men şaýat hökmünde bu ýere aýalymy çagyraryn. Siz meniň häkimdigimi bilmän, ejemden pul alypsyňyz» diýip, ol wideoda Dilmuradjon Soliýew gaharly aýdýar.

Häkimiň bu bölüme gelmezinden bir gün öň bäbekhananyň işgärleri söýünji hökmünde berlen puly paýlaşyp bilmän dawalaşan pursadynyň wideosy köpçülige ýaýrady.

Wideoda bir doktor öz kärdeşine täze dünýä inen çaganyň hossarlary beýlekilere köp, oňa bolsa az pul berendiginden närazy bolýar.

«Olar maňa bary-ýogy 20 müň sum berdiler. Beýlekilere bolsa 100-150 müň sumdan beripdir» diýip, wideoda görünýän wraç zeýrenýär.

Ol wideony göreninde, häkim Dilmuradjon Soliýew özüniň aşa geň galandygyny aýdyp, bäbekhanada korrupsiýanyň ýaýramagyna özüniňem günälidigini boýun alýar.

«Furkat raýonynyň häkimi hökmünde, men ol wideony görüp, gaty geň galdym. Bäbekhananyň doktorlary söýünji berlen puly bölüşip bilmeýärler. Men bu ýerde prezidentiň wekili bolup durýan, meniň günäm – siziň adamlardan pul almagyňyzda. Munuň bary meniň sizi kontrolda saklamaýanymdan ýüze çykýar. Düýnden bäri ýatyp bilmedim. Bu gün birneme sowaşyp gelenim gowy boldy. Eger düýn gelen bolsam, özümi gahardan saklap bilmezdim. Şu ýerde kadrlar bölüminiň ýolbaşçysy bolsa, bularyň her birinden işden çykýandygy barada arzalaryny alsyn. Goý, ol kadrlary [başga bölümlere] rotasiýa etsin. Ähli işgärlere iki aýlyk synag möhleti berilýär. Eger kadaly işläp bilmeseler men halkyň gaharyny saklap bilmerin» diýip, ol wideoda raýon häkimi Dilmuradjon Soliýew aýdýar.

Azatlyk radiosynyň žurnalisti bilen gürrüňdeş bolan Furkat raýonynyň ýaşaýjylary hem bäbekhanada parahorlugyň giň ýaýrandygyny aýdýarlar.

Adynyň aýdylmazlygyny soran ýaşaýjylardan biri şeýle gürrüň berdi.

Siz 2 million sum (200 dollar) bermeseňiz, çaga dogurjak aýalyňyzy bu ýere salyp bilmersiňiz. Şonuň üçinem Furkat raýonyndan göwreli aýallaryň köpüsi çaga dogurmak üçin şähere – Kokanda gidýärler, sebäbi ol ýerde aýallardan pul talap edilmeýär. Furkat raýonynyň bäbekhanasynda akuşerkalar siziň jübiňizden ýapyşýar. Pulum ýok diýseňiz, olar siziň aýalyňyzy kabul etmeýärler. Geçen ýyl şu bäbekhanada bir aýal ýogaldy. Çaga dogurmazyndan öň ol doktora bermeli puly bermändir, sebäbi puly ýok eken. Akuşerler entek çaga bolmaz diýip, ony goragsyz galdyrypdyrlar. Netijede, aýal ýogalypdyr. Geň tarapy-da, ol doktorlary hiç kim işden boşatmaýar.

Azatlyk Radiosy Furkat raýonynyň çaga dogrulýan öýündäki korrupsiýa, has takygy, täze dünýä inen çaganyň hossarlaryndan alnan söýünji puluny bölüşip bilmeýän medisina işgärleriniň hereketleri barada, raýon medisina birleşiginden, Özbegistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginden düşündiriş alyp bilmedi.

Mundan öň Özbegistanyň häkimiýetleri ýurduň çaga dogrulýan öýlerinde korrupsiýanyň giň ýaýrandygyny resmi suratda boýun alypdy. Üç ýyl öň preziden Şawkat Mirziýaýew «iň uly parahorluk çaga dogrulýan öýlerde» diýdi.

«Iň uly korrupsiýa – bäbekhanalarda. Munuň soňuna çykmak gerek. Bäbekhanalarda öňem alýardylar, häzirem alýarlar. Eger biz bäbekhanadaky parahorlugyň soňuna çykmasak, ony durmuşyň kadasy hökmünde kabul ederler. Çaga dogrulyşyny kabul edýäne pul bermeli diýip, nirede ýazylypdyr? Hiç ýerde ýazylmadyk. Mundan hemmeler närazy» diýip, 2017-nji ýylyň fewralynda hökümet maslahatynda, prezident Şawkat Mirziýaýew aýtdy.

Material Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG