Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da saýlawçylar onýyllyklaryň dowamyndaky täsirli prezident saýlawynda ses berýär


Koronawirus pandemiýasynyň kölegesinde geçirilýän bu adaty bolmadyk saýlawda rekord derejedäki saýlawçy, ýagny 97 million adam poçta ýa-da ir açylan saýlaw uçastoklary arkaly eýýäm ses berdi.
Koronawirus pandemiýasynyň kölegesinde geçirilýän bu adaty bolmadyk saýlawda rekord derejedäki saýlawçy, ýagny 97 million adam poçta ýa-da ir açylan saýlaw uçastoklary arkaly eýýäm ses berdi.

Birleşen Ştatlarda saýlawçylar 3-nji noýabrda – onýyllyklaryň dowamyndaky iň täsirli saýlawlaryň birinde – ses bermek üçin saýlaw uçastoklaryna barýarlar. Biri-birinden düýpgöter tapawutly iki kandidatyň arasyndaky bu bäsleşik kampaniýanyň her ädiminde görnüp duran global pandemiýa döwründe geçirilýär.

Dört ýyl ozal öz konserwatizm markasyny Ak tama getiren respublikan prezident Donald Tramp öňki wise-prezident Jo Baýdeniň (Joe Biden) garşysyna ýene bir möhlet prezidentlige dalaş edýär. Işçi gatlagyndan gelip çykýan kökleri bolan demokrat we professional syýasatçy Baýden “wirusy ýeňmegi” we ýurdy birleşdirmegi wada berdi.

Ses berişlikler Gündogar Kenarýaka ştatlarynyň onlarçasynda başlaýar we olaryň köpüsinde saýlaw uçastoklary irden sagat 7-de (Aşgabat wagty bilen 17:00) açylýar. Soňra bu çäre ýurduň çägindäki köpsanly beýleki wagt zolaklarynda dowam edýär. Bu wagtyndan ir ses bermedik saýlawçylaryň ses bermegine mümkinçilik döreder.

Koronawirus pandemiýasynyň kölegesinde geçirilýän bu adaty bolmadyk saýlawda rekord derejedäki saýlawçy, ýagny 97 million adam poçta ýa-da ir açylan saýlaw uçastoklary arkaly eýýäm ses berdi.

XS
SM
MD
LG