Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Repçi Kanýe West başa barmajak ABŞ prezidentlik kampaniýasynyň çäginde öz-özüne ses berdi


Repçi Kanýe West
Repçi Kanýe West

Rep ýyldyzy Kanýe West başa barmajak prezidentlik kampaniýasynyň çäginde öz-özüne ses berdi. Köp demokrat onuň garaýagyz saýlawçylaryň seslerini Jo Baýdenden alyp, iş başyndaky Donald Trampyň kampaniýasyna ýardam bermek üçin tagalla edýändigini öňe sürdi.

“Şu gün men ömrümde birinji gezek Birleşen Ştatlaryň prezidentine ses berýärin we sesimi oňa durkum bilen ynanýan adama...özüme berýärin” diýip, West 3-nji noýabrda ABŞ-nyň Waýoming ştatyndan twit ýazdy.

Realiti TW ýyldyzy Kim Kardaşiana öýlenen 43 ýaşly West käbir ştatlarda saýlaw býulletenlerine çykmagy başardy, ýöne Waýoming däl, ýa-da Florida, Pensilwaniýa we Miçigan ýaly möhüm ştatlarda däl.

Ol býulletenlere ady çykmadyk ştatlarda öz goldawçylaryndan býulletenleriň ýüzüne at ýazyp özüne ses berilmegini sorady. Repçi mundan ozal Trampa goldaw beýan etdi.

XS
SM
MD
LG