Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp wagtyndan öň ýeňendigini aýdyp, ses sanalýarka Ýokary sud çäresi bilen haýbat atýar


Donald Tramp we Jo Baýden
Donald Tramp we Jo Baýden

ABŞ-nyň prezident saýlawlarynyň netijesi nämälimliginde galýar, hatda möhüm alty ştatda millionlarça ses býulletenlerini sanamak işleri dowam edýän wagty, iş başyndaky Donald Tramp bilen onuň demokrat bäsdeşi Jo Baýdeniň ikisi-de ýeňişe ynam bildirýär.

4-nji noýabrda Pensilwaniýa, Wiskonsin, Mişigan, we Jorjiýa ýaly ştatlarda sesleri, şol sanda saýlawdan öň berlen sesleri we poçta arkaly berlen sesleri, sanamak işleri dowam edýär.

Baýden özüniň ýeňiş ýolundadygyna ynanýandygyny aýtdy we amerikanlary her bir ses sanalyp gutarýança sabyrly bolmaga çagyrdy. Dalaşgärleriň hiç haýsy ýeňiş üçin zerur bolan Saýlaw kollegiýasynyň 270 sesini heniz gazanyp bilmedi.

Iki dalaşgäriň biri-birinden düýpgöter tapawudyny görkezmek bilen, saýlawdan ozal ençeme gezek we delilsiz, pandemiýa sebäpli geçirilýän poçta arkaly ses berişligiň köpelmeginiň galplyklaryň köpelmegine sebäp boljakdygyny öňe süren garşydaş Tramp saýlawy “Amerikan jemgyýetçiligine edilen galplyk” häsiýetlendirdi we bu meseläni Ýokary suda çykarjakdygyny aýtdy.

"Dogrusyny aýtsak, biz bu saýlawda ýeňiş gazandyk" diýip, Tramp aýtdy. Ol has ozal Twitterde demokratlary saýlawy “ogurlamaga” synanyşmakda aýyplady. Twitter bu posty “bu twitde paýlaşylan mazmunyň bir bölegi ýa-da onuň hemmesi jedelli we saýlaw barada hem-de beýleki raýat prosesleri barada ýalňyş maglumaty öz içine alýan bolup biler” diýip, duýdurdy.

Kanun boýunça prezidentiň özüniň saýlawda ýeňiş gazanandygyny yglan etmek hukugy ýok, netijeler her ştatyň saýlaw işgärleri tarapyndan kesgitlenýär.

Baýdeniň kampaniýasy prezidente garşy çykmak üçin öz ýuristleriniň taýýardygyny aýtdy, hem-de onuň kommentariýalaryny “çirkin, görlüp-eşidilmedik we nädogry” atlandyrdy.

Pandemiýanyň fonunda hem-de milletiň çuň bölünişiginiň arasynda bolup geçýändigine garamazdan, rahat geçen taryhy saýlawda günüň dowamynda saýlawçylar saýlaw uçastoklaryna bardylar.

100 milliondan gowrak adam, wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin köp ştatda möhleti uzaldylan ses berişlik sebäpli Saýlaw gününden öň, ýa poçta arkaly ýa-da saýlaw uçastoklarynda ir ses berdiler.

Poçta arkaly berlen sesleriň köpdügi sebäpli saýlaw netijeleriniň, belki, birnäçe gün almagyna garaşylýar we taraplaryň ikiside-de saýlaw netijeleri boýunça hukuk göreşine taýýardyklaryny mälim etdiler.

XS
SM
MD
LG