Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

COVID-19: ABŞ 123 müň täze kesellänleri hasaba alyp, gündelik rekord goýdy


Alliantanyň Energetika Merkeziniň giňişligindäki COVID-19 test meýdançasynda nobata duran ulaglar. ABŞ

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda koronawirus keseli bilen kesellänleriň sany pandemiýanyň tutuş dünýäde möwjemeginiň dowam edýän wagtynda yzly-yzyna ikinji gün bäri rekord derejesine ýetýär.

Jon Hopkins uniwersiteti tarapyndan 5-nji noýabrda çap edilen maglumatlara görä, ABŞ-da bir günüň dowamynda tassyklanan COVID-19 keseliniň sany 123 085-e ýetdi. Bir günde 1 220-den gowrak adamyň ölendigi habar berildi.

4-nji noýabrda dünýä boýunça koronawirus ýokaşanlaryň we ölenleriň sany boýunça birinji ýerdäki ABŞ-da 99,660 täze kesel hasaba alnypdy.

ABŞ-nyň 50 ştatyndan azyndan 19-sy 5-nji noýabrda koronawirus ýokançlygynyň bir günüň dowamynda ýokarlanandygyny habar berdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda keseliň köpelýän wagtynda beýleki ýurtlaryň köpüsinde, esasanam Ýewropada girizilýän çäklendirmeler ykdysady kynçylyklara getirýär, derman öndürijiler bolsa, krizisiň soňuna çykmak üçin waksina taýýarlamak ugrundaky bäsleşigini dowam etdirýär.

Bu aralykda, Angliýada Londonyň polisiýasy koronawirus düzgünlerini bozandygy üçin 5-nji noýabrda 104 adamy tussag edendigini aýtdy. Polisiýanyň operasiýalary gijäniň dowamynda amala aşyrandygy sebäpli, tussag edilenleriň has köp bolmagyna garaşylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG