Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda simwoliki häsiýetde hökümet binasynyň daşyndaky diwar ýykyldy


Işçiler Bişkekde geçirilen parlament saýlawyndan soň başlanan protestlerde demonstrantlar tarapyndan basylyp alnan mejlis öýüniň töweregindäki diwary aýyrýarlar. Bişkek, 6-njy noýabr, 2020.
Işçiler Bişkekde geçirilen parlament saýlawyndan soň başlanan protestlerde demonstrantlar tarapyndan basylyp alnan mejlis öýüniň töweregindäki diwary aýyrýarlar. Bişkek, 6-njy noýabr, 2020.

Gyrgyzystanyň häkimiýetleri paýtagtyň ýerine ýetiriji häkimi Balbak Tulobaýewiň "simwoliki" diýip atlandyrýan Bişkegiň esasy hökümet binasynyň töweregindäki demir diwary we derwezeleri ýykdy.

Tulobaew 6-njy noýabrda bu kararyň mejlisiň başlygy Talant Mamytowyň haýyşy boýunça kabul edilendigini aýtdy.

Tulobaýew "Bu ideýa premýer-ministr we ýerine ýetiriji prezident Sadyr Japarow tarapyndan öňe sürüldi. Bu ädim häkimiýetler bilen adamlaryň arasyndaky ähli päsgelçilikleriň ýok bolandygyny görkezýän simwoliki çäre hökmünde kesgitlenip bilner" - diýdi.

Tulobaýew, şeýle hem, 2010-njy ýylda prezident Kurmanbek Bakiýewi agdaryp, hökümete garşy protestlerde heläk bolan raýatlary ýatladýan uly nyşanly demir diwaryň bir böleginiň aýrylmajakdygyny aýtdy.

Gyrgyzystanyň mejlisi 4-nji oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynyň resmi netijelerine garşy geçirilen köpçülikleýin protestlerden soň geçen aýda 51 ýaşly Japarowy premýer-ministr diýip yglan etdi.

2005-nji ýyldan bäri Merkezi Aziýa döwletinde ýurt baştutanyny agdarmak boýunça geçirilen üçünji gozgalaň, prezident Sooronbaý Jeenbekowyň işinden aýrylmagyna sebäp boldy.

Jeenbekow oktýabr aýynyň ortalarynda işinden aýrylandan soň, parlament Bişkegiň türmesinden boşadylan Japarowa prezident ygtyýarlyklaryny berdi. Japarow adam ogurlamakda aýyplanyp tussag edilipdi.

Japarow saýlawlaryň düzgünlerini üýtgetmek üçin konstitusiýa üýtgetmeleri girizdi. Gyrgyzystanyň häzirki kanunlaryna görä, prezident hökmünde hereket edýän ýa-da wagtlaýyn wezipäni ýerine ýetirýän hiç bir adam bu wezipä saýlanyp bilmeýär.

XS
SM
MD
LG