Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden Jorjiýada Trampdan öňe saýlandy


ABŞ-da sesler sanalýar
ABŞ-da sesler sanalýar

Ozalky wise-prezident Jo Baýden möhüm Jorjiýa ştatynda häkimiýet başyndaky Donald Trampdan öňe saýlandy. Ak Tam ugrundaky bäsleşikde bu möhüm özgeriş bolup, mundan öň prezident ýurduň demokratik prosesine garşy görlüp-eşidilmedik we esassyz öňe sürmeleri ýagdyrdy.

Birnäçe media serişdesiniň maglumatyna görä, Jorjiýada sesleri sanamak işleriniň entek hem dowam etmegi bilen, 6-njy noýabrda Baýden 1 müň 96 ses bilen öňe saýlanypdyr. Eger-de Tramp Jorjiýanyň 16 elektoral sesini alyp bilmese, ol saýlawlaryň ýeňijisi diýlip yglan edilmegi üçin zerur bolan 270 sesi toplap bilmez.

Häzir 253 elektoral sesi bolan Baýden Jorjiýada üstün çyksa, bu 1992-nji ýylda Bil Klintonyň ýeňiş gazanmagyndan soň, muny başaran ilkinji demokrat bolar.

Jorjiýa entek ýeňiji yglan edilmedik möhüm dört ştatyň biridir. Baýden kiçi aratapawut bilen Newadada we Arizonada öňde barýar. Häzir 214 elektoral sesi bolan Tramp heniz hem Pennsilwaniýada 18 müň 229 ses tapawudy bilen öňdeligi saklaýar. Bu aralykda, amerikalylar iňňän çekeleşikli geçen saýlawlarda ses bereninden iki gün soň hem aýdyňlyga garaşýarlar. Sesleriň arasyndaky kiçi aratapawut milletiň syýasy taýdan hem juda bölünendigini görkezdi.

Tramp Ak Tamda galmak ähtimallyklarynyň gitdigiçe azalýan pursady, hiç hili delil getirmezden, sesleri sanamak işleri heniz hem dowam edýän ştatlarda galplyklaryň bolandygyny öňe sürüp, şeýle-de ýurt boýunça ýuridiki şikaýat etmek barada haýbat atyp, beýanat bilen çykyş etdi.

Taryh boýunça, kanunda göz öňünde tutulyşy ýaly, ştatlarda Saýlaw gününden soň hem ähli sesleri sanamak üçin wagt gerek bolupdy.

Eger-de Baýden Pennsilwaniýada ýa-da Jorjiýa, Newada we Arizona ştatlarynyň islendik ikisinde üstün çyksa, ol ýurduň täze saýlanan prezidenti bolar. Trampyň ýeňiş gazanmak mümkinçilikleri has çäkli ýaly bolup görünýär: ol Pensnsilwaniýada ýeňmeli, şeýle-de Jorjiýada Baýdenden üstün çykmaly, üstesine-de ýa Newadada ýa-da Arizonada hem ýeňiş gazanmaly.

Sesleriň arasyndaky aratapuwudyň kemelmegi netijesinde, Trampyň kampaniýasy saýlawlaryň netijelerine kölege salyp, saýlaw prosessine garşy köp sanly arz-şikaýat etdi.

Saýlaw kampaniýasy döwri hem ýurduň saýlaw ulgamynyň ygtybarlylygyna garşy hüjüm eden Tramp, hiç hili delil ýa subutnama getirmezden saýlawlarda galplyklaryň bolandygyny öňe sürdi.

Tramp 3-nji noýabrda saýlaw uçastoklary ýapylandan soňra kabul edilen islendik bir sesiň sanalmagyny islemeýär. Ştatlaryň öz ýerli kanunçylygynyň rugsat berýän ýerlerinde, sud bu sesleriň hem sanamalydygy barada höküm çykarypdy.

Tramp 5-nji noýabrda giçlik Ak Tamda eden çykyşynda hiç bir delil getirmän, şeýle-de beýanatdan soň hiç bir soraga jogap bermän, ýene bir gezek demokratlary “saýlawlary ogurlamak synanyşygynda” aýyplady.

“Meniň pikirimçe, köp sanly kazyýet işi bolar” diýip, Tramp saýlaw gijesinden soňra özüniň ilkinji şahsy beýanaty bilen çykyş etdi.

Twitter we Facebook sosial ulgamlary öz platformalarynda Trampyň göni efirde görkezilen çykyşynyň mazmuny boýunça duýduryş ýerleşdirdiler.

Tramp çykyşyndan soňra Twitterde “bikanun” diýip atlandyran sesleri barada ýene-de ýazgylary ýerleşdirdi. Platformada olara hem duýduryş tagmasy berildi.

Käbir kanun bilermenleri kazyýet işleriniň uzak möhleti nazarda tutup görülýän çäredigini aýdyp, olaryň saýlawlaryň ahyrky netijesine täsir ýetirmejekdigini belleýärler. 5-nji noýabrda Miçiganyň kazysy Trampyň kampaniýasy tarapyndan ştatdaky sesleri sanamak işlerini bada-bat togtatmak baradaky arzasyny ret etdi.

Bu aralykda, Baýden amerikalylary saýlaw prosesine bil baglamaga çagyrdy. Şeýle-de, ol ähli sesler sanalyp gutaranda, özüniň ýeňiji boljakdygyna ynam bildirdi.

“Hiç kim demokratiýamyzy elimizden alyp bilmez. Häzirem, hiç haçanam” diýip, Baýden Trampyň 17 minutlap dowam eden çykyşyndan soňra Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy. Käbir ABŞ media ulgamlary Trampyň aýyplamalardan doly çykyşynda ýalan maglumatlaryň bardygyny belläp, ony görkezmediler.

XS
SM
MD
LG