Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident saýlanan Baýden koronawirus boýunça geňeşçiler toparyny bellemekçi bolýar


Joe Biden
Joe Biden

ABŞ-nyň prezidenti saýlanan Jo Baýden 9-njy noýabrda pandemiýany gözegçilik astynda saklamak üçin "güýç gaýgyrmazlyk" boýunça yglan eden borjunyň bir bölegi hökmünde koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek üçin geňeşçiler toparyny yglan etmegi meýilleşdirýär.

Baýden 7-nji noýabrda ýeňişi sebäpli eden çykyşynda pandemiýa garşy göreşmegiň ileri tutulýan ugurdygyny aýtdy we toparyň bellenmegini yglan etjekdigini aýtdy.

Baýdeniň saýlaw kampaniýasynyň dolandyryjy orunbasary işiň dessine başlanandygyny 9-njy noýabrda aýtdy.

3-nji noýabr saýlawlarynda geçirilen pikir öwrenmeler Trampyň administrasiýasynyň pandemiýa garşy göreşiniň köp saýlawçynyň aladalaryny artdyrýandygyny görkezdi.

Kampaniýanyň dowamynda Baýden prezident Donald Trampa garşy tankytlarynyň köpüsini, soňky hepdelerde ýurtda köpelýän koronawirusy ýok etmek syýasatynyň şowsuzlygyna gönükdirdi.

COVID-19-dan başga, Baýdeniň web sahypasynda ykdysady dikeliş, jyns taýdan deňlik we howanyň üýtgemegi ýaly meseleler ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezilýär.

Donald Trampa saýlaw netijelerine boýun bolmak, Baýdeniň ýeňşini ykrar etmek we ony gutlamak boýunça basyşlar artýar.

XS
SM
MD
LG