Ermenistanyň parlamentindäki iki oppozisiýa toparynyň ýolbaşçylary premýer-ministr Nikol Paşinýan bilen bölünip aýrylýan region Daglyk-Garabagda dowam edýän söweşleri ara alyp maslahatlaşmak isleýändiklerini gaýtaladylar.
"Ermenistanyň abadançylygy" partiýasyndan Gagik Tsarukian we "Parlak Ermenistan" partiýasyndan Edmon Marukian 9-njy noýabrda Azerbaýjanyň we Daglyk-Garabagdaky häkimiýetleriniň etniki ermenileriň ýaşaýan Şuşi (Azerbaýjanda Susa ady bilen tanalýan) şäher ugrundaky söweşler babatynda dürli maglumatlary berende, öz çagyryşlaryny täzelediler.
Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew 8-nji noýabrda öz ýurdunyň güýçleriniň Daglyk-Garabagda ikinji esasy şäher bolan Şuşini alandygyny aýtdy.
Ermenistanly resmiler Şuşiniň golaýynda söweşiň 9-njy noýabrda irden dowam edendigini tassyklamadylar.
Şol bir wagtyň özünde Daglyk-Garabagyň de-fakto Goranmak ministrligi öz güýçleriniň arasynda ýene 44 adam ýitgi çekendigini habar berdi we harbylaryň arasynda ölenleriň sanynyň 1 221 adama çenli ýokarlanandygyny aýtdy.
Azerbaýjan harby ýitgiler barada maglumat bermedi.