Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nýu-Ýork ikinji tolkundan öň täze koronawirus çäklendirmelerini girizýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Ýurt boýunça wirus hadysalary ýokarlanýan wagty Nýu-Ýork täze koronawirus çäklendirmelerini girizdi. Ştatyň häkimi Endrýu Kuomo (Andrew Cuomo) barlaryň, restoranlaryň we türgenleşik zallarynyň sagat 22:00-ä çenli ýapylmalydygyny we toparlaryň 10 adam bilen çäklendirilmelidigini aýtdy.

“Biz dünýäde COVID hadysalarynyň artýandygyny görýäris we Nýu-Ýork COVID tolkununyň gämisidir” diýip, Kuomo 11-nji noýabrda žurnalistler bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde aýtdy. “Şu gün, ýurt COVID hadysalary boýunça rekord goýdy. Bu gün-günden has-da erbetleşýär” diýip, ol sözüne goşdy.

Nýu-Ýorkyň şäher häkimi Bill de Blasio soňky çäreleri ikinji tolkunyň öňüni almak üçin “soňky pursat” häsiýetlendirdi.

Nýu-Ýork bahar aýlarynda ABŞ-da koronawirusyň merkezi boldy, apreliň başlarynda gündelik tas 1000 töweregi adam ölýärdi.

Ştat we şäher iýul aýyndan bäri geçen döwrüň dowamynda gündelik ölüm sanlaryny azaldyp, wirusyň ýaýramagynyň ep-esli öňüni aldy. Ýöne sentýabryň ortalaryndan bäri täze hadysalar köpelýär, ýurduň beýleki künjeklerinde-de ýokuşmalaryň sany artýar. Noýabryň başlaryndan bäri ýurt boýunça günlük hadysalaryň sany 100 müňe ýetýär.

XS
SM
MD
LG