Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň prezidenti we onuň edarasynyň başlygy COVID-19 bilen keselhana ýerleşdirildi


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý we onuň edarasynyň başlygy hepde başlarynda koronawirusa ýolugandan soň keselhana ýerleşdirildiler. Zelenskiý we prezident edarasynyň başlygy Andriý Ýermak Kiýewiň Feofaniýa kliniki hassahanasynda bejergi alýar diýip, Ýermagyň maslahatçysy Mihailo Pdolýak 12-nji noýabrda Ukrainskaýa prawda gazetine beren interwýusynda aýtdy.

“Ol ýerde prezidentiň maslahat geçirip bilmegi üçin ýörite ofis enjamlaşdyryldy. Ol bu gün köp sanly konferensiýa geçirdi” diýip, Podolýak aýtdy. Ol Ýermagyň aýrybaşga, üzňeleşdirilen palatadygyny aýtdy.

9-njy noýabrda Zelenskiýniň edarasy onuň koronawirus testiniň pozitiw netije görkezendigini hem-de onuň özüni oňat duýýandygyny, öz-özüni üzňeleşdirýän wagty işlerini uzak aralykdan ýerine ýetirýändigini aýtdy.

Ýermak özüniň hem koronawirusa ýolugandygyny yglan etdi we özüni “gowy” duýýandygyny aýtdy.

Başga-da birnäçe ýokary derejeli resminiň, şol sanda maliýe we goranmak ministrleriniň hem koronawirusa ýolugandygy habar berilýär.

Saglyk edaralary 12-nji noýabrda soňky 24 sagadyň dowamynda 11 müň 57 adamda koronawirusyň hasaba alnandygy habar berdi, bir günde 198 adam bu keselden aradan çykdy.

Ýurt boýunça şu wagta çenli 500 müň 865 hadysa hasaba alyndy, jemi 9 müň 145 adam bu keselden öldi.

XS
SM
MD
LG