Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garabag parahatçylyk ylalaşygyna bildirilýän gahar-gazabyň arasynda Ýerewanda hökümete garşy täze protest planlaşdyrylýar


Ermeni polisiýasy 11-nji noýabrda Ýerewanda geçirilen hökümete garşy ýörişde bir protestçini tussag edýär.
Ermeni polisiýasy 11-nji noýabrda Ýerewanda geçirilen hökümete garşy ýörişde bir protestçini tussag edýär.

Ermenistanyň oppozisiýa toparlary premýer-ministr Nikol Paşiniýanyň bölünip aýrylan Daglyk-Garabag sebitinde alty hepdeden gowrak wagt bäri dowam edýän urşuň bes edilmegi üçin Russiýanyň araçylygynda Azerbaýjan bilen baglaşan ylalaşygynyň şertlerine garşy çykyp, onuň işden çekilmegini talap etmek üçin öz protestlerini dowam etdirmegi planlaşdyrýarlar.

Ýörite derňew gullugy 12-nji noýabra planlaşdyrylan ýörişden birnäçe sagat öň “bikanun we zorlukly köpçülikleýin bidüzgünçilikleri guramalaşdyrýandyklary” üçin meşhur 10 oppozisiýaçynyň tussag edilendigini aýtdy.

Oppozisiýa tussag etmeleri bikanun diýip ýazgardy.

10-njy noýabrda irden ýaraşyk ylalaşygynyň yglan edilmegi ermeni paýtagtynda bada-bat gahar-gazap bilen garşylandy, gahary gelen protestçiler hökümet we parlament binalaryna hüjüm etdiler.

Ylalaşyk iki tarapdan 2 müňden gowrak esgeriň we asuda raýatyň ölümine getiren söweşleriň soňuna çykýan-da bolsa, köp ermeni ony ret etdi. Sebäbi ylalaşyk Azerbaýjanyň söweşlerde ele geçiren territoriýasy bilen bir hatarda, kiçi daglyk sebitiň ep-esli bölegini saklap gamagyna rugsat berýär.

Ylalaşykdan bir gün soň müňlerçe demonstrant ýörişleri gadagan edýän uruş kanunyny bozup, paýtagtyň merkezinde ýöriş geçirdi we onuň dowamynda Paşiniýany “dönük” atlandyrdylar.

Russiýanyň araçylygyndaky ylalaşyk 1994-nji ýylda urşuň soňuna çykan ýaraşyk ylalaşygyndan bäri Daglyk-Garabaga gözegçilik edýän etniki ermeni güýçleri üçin uly ýeňliş boldy.

Bäş ýyllyk missiýanyň çäginde ýüzlerçe rus parahatçylygy goraýjy eýýäm jedelli sebite ýerleşdirildi.

XS
SM
MD
LG