Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusdaky protestlerde 1200-den gowrak adam tussag edildi


Minsk, 15-nji noýabr, 2020
Minsk, 15-nji noýabr, 2020

Belarus polisiýasy 15-nji noýabrda Alýaksandr Lukaşenkanyň işinden aýrylmagyny we awgust aýynda çekeleşikli geçirilen ses berişlikden soň täze prezident saýlawyny talap edip, tutuş ýurt boýunça geçirilen protestlerde 1200-den gowrak adamy tussag etdi.

Adam hukuklary boýunça "Wýasna" topary tussaglaryň köpüsiniň Minskde müňlerçe demonstranty dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz we granat ulanan gara örtükli howpsuzlyk güýçleri tarapyndan saklanandygyny aýtdy.

Azyk dükanynyň içinde iki adam ýüzi nikaply howpsuzlyk işgärleri tarapyndan ýenjildi.

Soňky tutha-tutluklar protestler başlanaly bäri bir günde habar berlen iň köp sanly tussag edişlik boldy.

"Wýasna" toparynyň maglumatyna görä, awgust aýyndan bäri tussag edilenleriň umumy sany 25 000-den gowrak.

Belarusyň žurnalistler birleşiginiň habaryna görä, Minskde we beýleki şäherlerde tussag edilenleriň arasynda azyndan 23 žurnalist, şol sanda Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugynyň dört habarçysy bar.

Demonstrantlar gadagan edilen ak-gyzyl-ak baýdaklary göterdiler we 12-nji noýabrda maskaly howpsuzlyk güýçleri tarapyndan ýenjilenden soň ölen hökümete garşy protestçi Raman Bandarenkanyň hatyrasyna plakatlary göterdiler.

Şeýle hem, Homelde, Hrodnada, Mahilýoda we başga ýerlerde geçirilen kiçijik demonstrasiýalarda tussag edilenler boldy.

Oppozisiýa lideri Swýatlana Tsihanouskaýa bu basyşy "weýrançylykly" diýip häsiýetlendirdi we demonstrantlara halkara goldawyny isledi.

XS
SM
MD
LG