Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek resmisi Gülnara Kerimowa COVID-19 ýokuşandygy we onuň öz janyna kast edendigi baradaky habary ýalana çykarýar


Özbegistanyň merhum prezidentiniň gyzy Gülnara Kerimowa.
Özbegistanyň merhum prezidentiniň gyzy Gülnara Kerimowa.

Özbegistanyň Içeri işler ministrliginiň Kanunbozmalar profilaktikasynyň Baş uprawleniýesiniň başlygynyň orunbasary Umida Abdullaýewa soňky günlerde ýurduň ilkinji prezidenti, merhum Yslam Kerimowyň uly gyzy Gülnara Kerimowanyň türme şertlerinde saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşandygy barada ýaýran habarlary ret etdi. Gülnara Kerimowa häzir Daşkent welaýatynyň Zangiata raýonyndaky aýallar koloniýasynda türme möhletini geçirýär.

«Darýo» internet neşiriniň habar bermegine görä, bu barada IIM-niň resmisi 12-nji noýabrda, Özbegistanyň gender deňligi baradaky meseleler boýunça geçirilen komissiýanyň diňlenişiginden soňra gurnalan pres-konferensiýada mälim edipdir.

«Gülnara Kerimowa häzirki wagtda Zangiatadaky aýratyn düzgünli koloniýada özüne berlen türme möhletini geçirýär. Onuň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlygy baradaky habarlaryň hiç bir esasy ýok» diýip, Umida Abdullaýewa Daşkent şäherinde bolan pres-konferensiýada aýtdy.

Şeýle hem Abdullaýewa ýakyn wagtda köpçülikleýin habar serişdeleriniň Kerimowanyň häzirki saglyk ýagdaýy barada doly informasiýa berjekdigini tekrarlady.

Ýatlatsak, oktýabr aýynda Gülnara Kerimowanyň gyzy Iman Kerimowa öz Instagram sahypasynda ejesiniň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygyny habar berdi. Onuň ýazmagyna görä, ejesi iki taraplaýyn öýken çişmesine ýolugypdyr. Şeýle-de bolsa, oňa koloniýada COVID-19 testiniň geçirilmedigini hem medisina kömeginiň berilmeýändigini ýazypdy.

«Gülnara Kerimowanyň saglyk ýagdaýy soňky birnäçe günüň dowamynda düýpden ýaramazlaşdy. Ol häzir öýkeniniň iki tarapyndan hem keselläp, sanitar bölümde ýatyr. Oňa medisina kömegi berilmeýär, COVID-19 boýunça test tabşyrmaga rugsat edilmeýär. Oňa derman geçirmek hem bejeriş apparatyny ulanmak gadagan edildi» diýip, Iman Kerimowanyň Instagram sahypasynda galdyran ýazgysynda aýdylýar.

Şeýle hem ol ýerde aýdylyşyna görä, Kerimowa köp wagtdan bäri öz çagalaryny görmändir, adwokaty bilen duşuşmandyr, munuň özi tussaglaryň hukugynyň bozulmagy diýilýär.

Gender deňligi barada 12-nji noýabrda geçen metbugat-konferensiýasynda Özbegistanyň Aliý Mejlisiniň senatory Tanzila Narbaýewa hem Gülnara Kerimowa koronawirus ýokuşandygy ýa-da öz janyna kast edendigi baradaky habarlaryň üstünde durup, onuň esassyz “myş-myş” zatdygyny aýtdy.

Ol sözüni dowam etdirip: «Häzir biz gender deňligi barada aýdýarys. Ol aýalmy ýa-da erkek adammy – jenaýat etse deň derejede [kanunyň öňünde] jogap bermeli» diýip, Tanzila Narbaýewa takyklady.

48 ýaşly Gülnara Kerimowa geçen ýylyň ýazynda Daşkent welaýatynyň Zangiata raýonyndaky №21 umumy düzgünli aýallar koloniýasyna geçirilipdi.

Kerimowa Özbegistanyň döwlet emlägini ogurlamakda, salgyt tölemekden boýun gaçyrmakda hem beýleki birnäçe ykdysady we maliýe jenaýatlarda aýyplandy. Geçen ýylyň 18-nji martynda suduň soňky gelen kararyna görä, Kerimowanyň «öz döreden jenaýatçy toparynyň bir agzasy bolup durýandygy» aýdyldy. Şonda Daşkendiň şäher sudy Gülnara Kerimowany 13 ýyl hem dört aý azatlykdan mahrum etdi.

Derňew maglumatlarynda aýdylyşyna görä, Gülnara Kerimowa 12 ýylyň dowamynda bir toparyň üsti bilen 51,1 milliard sum (ABŞ-yň 5 million dollaryna golaý) aktiwiň dolanyşygyna gözegçilik edip gelipdir.

Material Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG