Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermeni prezidenti irki parlament saýlawlaryny geçirmäge çagyrýar


Ermenistanyň prezidenti Armen Sarkisýan
Ermenistanyň prezidenti Armen Sarkisýan

Ermeni prezidenti Armen Sarkisýan Ermenistanda irki parlament saýlawlaryny geçirmäge çagyryp, munuň Daglyk-Garabagyň bölünen sebitinde uruş sebäpli ýüze çykan syýasy krizisi çözmek üçin zerurdygyny aýtdy.

Alty hepde dowam eden we Daglyk-Garabagda hem-de onuň töwereginde ermeni territorial ýitgilerine getiren konfliktiň yzýany, saýlawlar “ýurdy tolgunyşykdan halas eder” diýip, Sarkisýan 16-njy noýabrda giçlik telewideniýede eden çykyşynda aýtdy.

Ol premýer-ministr Nikol Paşinýanyň hökümetini we “Meniň ädimim” bileleşigini gyssagly saýlawlary geçirmek üçin “ýol kartasyny” taýýarlamaga çagyrdy.

“Häzirki ýagdaýy göz öňünde tutup, köpçüligiň talaplaryny göz öňünde tutup, içerki syýasy tolgunyşyklardan gaça durmak üçin irki parlament saýlawlarynyň geçirilmeginiň gutulgysyzdygy äşgär” diýip, Sarkisýan dürli syýasy toparlaryň agzalary bilen duşuşandan soň aýtdy.

Sarkisýan öz teklipleriniň soňky günlerde maslahatlaşan syýasy partiýanyň ýolbaşçylarynyň we jemgyýetçilik işgärleriniň agdyklyk edýän pikirini şöhlelendirýändigini hem belledi.

XS
SM
MD
LG