Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Duşenbe şäherinde geý ýigidiň urlup-ýenjilmegi bilen bagly derňew işi başlandy 


Ýoldaşlary tarapyndan urlup-ýenjilen geý
Ýoldaşlary tarapyndan urlup-ýenjilen geý

Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde öz ýoldaşlary tarapyndan agyr urlup-ýenjilen geý ýigidiň işi boýunça derňew başlandy. Jenaýat işi ol urlup-ýenjilen ýigit Täjigistanyň Baş prokuraturasyna hem-de ýurduň prezident apparatyna ýüz tutandan soň açylypdyr.

Täjigistanyň Baş prokuraturasynyň mälim etmegine görä, LGBT wekiliniň agyr urlup-ýenjilmegi boýunça açylan jenaýat işiniň deslapky bölegine Duşenbe şäheriniň Ferdöwsi raýon içeri işler bölüminiň sülçüsi girişipdir.

Ýaş geý (ahlak nukdaýnazaryndan onuň ady agzalmaýar) Azatlyk Radiosy bilen gürleşende, özüniň jynsy oriýentasiýasyny ýaşyrmady. Ol Duşenbedäki ýokary okuw jaýlarynyň biriniň studenti, okuwdan eli boşanynda bolsa dellekhanada işleýändigini aýtdy. «Meniň ýoldaşlarym geýdigimi bilip, meni rehimsiz ýençdiler. Men huşumy ýitirdim. Az-kem özüme gelenimden soň, ýene urmaga başladylar» diýip, Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Medisina barlaglaryndan soň, wraçlar onuň äň süňküniň birnäçe ýerden döwlendigi we güýçli beýni sarsmasyna duçar bolandygy barada karara geldiler.

Ýaş geýiň aýtmagyna görä, oglan wagtynda goňşy oglanlaryň ony zorlamagy soňlugy bilen şahsy durmuşyna güýçli täsir edipdir. Şeýle-de bolsa, LGBT wekilleriniň aglaba köprägi öz ýagdaýyny aýtmaga gorkýarlar. Indi bu geý özüni ýenjenler bilen ahyryna çenli gidişjekdigini aýdýar. «Şeýle ýagdaý ýüze çykandan soň köpler meniň geýdigimi bildiler. Netijede, meniň garşyma dürli haýbatlar hem kemsidilmeler kesilmän gelýär» diýip, ol aýdýar.

Täjigistan 1998-nji ýylda SSSR döwründe bar bolan gomoseksualistleri jenaýat işine çekmek kanunyny ýatyrdy. Muňa garamazdan, LGBT wekilleri jemgyýetde öňküleri ýaly ýapyk bolmagynda galýar. Olar hak-hukuklaryny, üstesine-de hossarlarynyň arka durmagy bilen özlerini goramak işinde mümkinçilik tapman gelýärler.

Täjigistanda LGBT wekilleriniň köpüsi öz jynsy aýratynlygyny ýaşyrýar hem-de durmuşda ikiýüzli ýagdaýy alyp barýar. Olardan hatda geteroseksual maşgala gurýanlary hem bar. Olar özleriniň jynsy aýratynlygy bilnen ýagdaýynda, iş ýerleriniň elinden gitmeginden, okuw jaýlaryndan kowulmagyndan gorkýarlar. Mundan daşary-da, olaryň iň agyr howatyr edýäni – öz ýakyn hossarlarynyň ýaramaz gep-gürrüňe galjagyny, olaryň köpçülikden çetleşdiriljegini hem güýç ulanyjy organlar tarapyndan yzarlanjagyny alada edýärler.

2019-njy ýylyň ýanwar aýynda Täjigistanyň Ynsan hukuklary baradaky wekilçilik edarasy LGBT agzalaryna halkara guramalary tarapyndan teklip edilýän ynsan hukuklarynyň Täjigistanda göz öňünde tutulmaýandygyny mälim edipdi. «Sebäbi – ýurtda adamlar arasyndaky ahlak hem medeni gatnaşyklardyr. Ýöne munuň özi adaty bolmadyk jynsy gatnaşykdakylaryň berk yzarlanma duçar edýändigini aňlatmaýar» diýip, täjik ombudsmeni aýdypdy.

Mundan öň hem sosial ulgamda ýaş ýigitleriň bir geýi urýandygyny görkezýän wideosy ýaýrapdy. Diňe bir gezek gomoseksualisti öldüren jenaýat jogapkärçiligine çekildi. Şarifjon Zokir Hatlon welaýatynyň Kuşoniýon raýonynyň Elti obasynyň ýaşaýjysy bolmaly, ol 2016-njy ýylyň awgustynda bir LGBT wekilini öldürdi. Şarifjon Zokir 2017-nji ýylda Ýokary kazyýet tarapyndan adam öldürmekde, şeýle hem «Yslam döwleti» toparyna ýaran bolmakda we Bohtarda bolan partlamany gurnamakda günäli saýylyp, ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi.

2017-nji ýylyň güýzünde bolsa Täjigistanyň IIM-niň geýleriň hem lesbileriň operatiw hasabyny ýöretmek işine başlandygy baradaky maglumat peýda boldy. Şonda Täjigistanyň Baş prokuraturasy ol sanawda eýýäm 319 geýiň hem 48 lesbiniň bardygyny habar beripdi. “Olaryň ýagdaýynyň seks-azlykdakylara degişlidigi tassyk edildi we olaryň ählisi operatiw hasaba alyndy” diýip, neşir belläpdi.

Ýöne Täjigistanyň IIM-i ol sanaw barada kommentariýa bermekden ýüz öwürdi. Aslynda bolsa LGBT wekilleri hem-de ynsan hukuklaryny goraýjylar ondan has öň şeýle sanawyň bardygyny aýdypdylar.

Material Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG