Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gallup: Türkmenistan ilatyň “ýaramaz duýgulary başdan geçirýän” döwletleriniň hatarynda


Hasabatda Türkmenistanyň degişlilikdäki indeks görkezjisi 17-ä deň.

Gallup barlag merkeziniň Global duýgular boýunça ýaýradan hasabatynda Türkmenistan sanawyň iň aşaky orunlarynda, ilatyň “ýaramaz duýgulary başdan geçirýän” döwletleriniň hatarynda ýerleşdirildi.

Gallup merkeziniň bu soňky hasabatynda adamlaryň maddy bolmadyk gymmatlyklary, ýagny duýgulary we emosiýalary seljerilip, onda jemi içerki önüm ýaly görkezijiler nazarda tutulmady.

Gallup 2019-njy ýylda 144 döwletde adamlardan pikir solalyşygyň geçirilen gününden bir gün öň, bäş sany ýaramaz tejribäni başdan geçirip-geçirmändigini sorady.

Hasabatda iň oňaýly tejribeleri başdan geçirýän ilaty döwletleriň başyny Panama (85 indeks görkezjisi), El Selwador (84 indeks görkezjisi) we Guatemala (84 indeks görkezjisi) çekýär.

Hasabatda Türkmenistanyň degişlilikdäki indeks görkezjisi 17-ä deň.

XS
SM
MD
LG