Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Senator Hytaýyň düýäniň liberal gurluşyna abandyrýan howpuna garşy durmak üçin ABŞ-ny, ÝB-ni hyzmatdaşlyga çagyrýar


ABŞ-nyň Senatynyň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Jim Risç
ABŞ-nyň Senatynyň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Jim Risç

ABŞ-nyň Senatynyň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Hytaýdan abanýan howpa garşy durmak üçin Birleşen Ştatlar bilen Ýewropanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine çagyryş etdi.

Respublikan senator Jim Risç 18-nji noýabrda beýanat ýaýradyp, onda Hytaýyň – hyzmatdaşlygy göz öňünde tutmaýan söwda tejribeleri ýaly – hereketleriniň 2-nji Jahan urşundan soňra ABŞ-nyň we Ýewropanyň esaslandyran halkara gurluşyny, şeýle-de transatlantik hyzmatdaşlygynyň mümkin ugurlaryny bozýandygyny belledi.

Hasabatda Hytaýyň alyp barýan adalatsyz söwda tejribeleriniň ABŞ-nyň we Ýewropanyň bizneslerine ýaramaz täsir ýetirýändigi, Pekiniň Günbatar tarapyndan esaslandyrylan halkara kompaniýalarynyň düzümine girýändigi, propogandany ýaýradýandygy, şeýle-de ösüp barýan döwletlerde kanunyň hökmürowanlygyny gowşadýandygy nygtalýar.

Risş bu howplara ne Birleşen Ştatlaryň, ne-de Ýewropanyň ýeke göreşip bilmejekdigini duýdurdy.

“Hytaý has uly we has gowy enjamlaşan” diýip, Risş hasabatyň tanyşdyryş dabarasynda çykyş etdi.

Soňky onýyllyklaryň dowamynda Hytaýyň ykdysadyýetiniň ösmegi bilen, onuň halkara derejedäki kuwwady we täsiri hem artdy.

Tankytçylar Hytaýyň kommunistik partiýasynyň liberal gymmatlyklara garşy gelýän garaýyşlaryny ilerletmek üçin, beýleki döwletlerde, şeýle-de BMG we Bütindünýä Saglyk Guramasy ýaly halkara guramalarynda hem öz täsirini artdyrmak ugrunda tagalla edýändigini aýdýarlar.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp halkara liderleriň arasyndan ilkinjileriň biri bolup Hytaýyň alyp barýan zyýanly hereketlerine garşy çykdy we Pekin babatynda has berk çemeleşip başlady. Ol hytaý önümlerine has uly tarifleri kesgitledi we käbir liderlerine we kompaniýalaryna garşy sanksiýalary girizdi.

Käbirler Trampyň Hytaýdan abanýan howpy irki başlangyçlarda görmegi başarandygy üçin öwseler, käbirler bu strategiýanyň ýekelikde, ýewropaly we beýleki ýaranlaryň hemaýaty nazarda tutulman edilendigi üçin tankytladylar.

Ýewropa Parlamentiniň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Dawid MakAllister Risşiň hasabatynda ABŞ-nyň we ÝB-niň Hytaýyň täsirine garşy durmak üçin Afrika döwletlerine we Hindi-Ýuwaş umman sebitine hemaýat berilmegine çagyrylmagy bilen birlikde, Gündogar Ýewropa we Günbatar Balkan regionalaryna hem kömek edilmelidigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG