Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan goşuny Agdam şäherine girýär, ermeniler jaýlaryny otlap gidýär


Agdamdaky ermeni obalarynyň ýaşaýjylaryna öýlerini terk etmek üçin birnäçe gün wagt berildi.
Agdamdaky ermeni obalarynyň ýaşaýjylaryna öýlerini terk etmek üçin birnäçe gün wagt berildi.

Azerbaýjan goşunlary ermeni güýçleri bilen bölünip aýrylan sebit üstünde bolan alty hepdelik söweşden soň, Orsýetiň araçylygy astynda gazanylan parahatçylyk ylalaşygynyň çäginde, Dagly-Garabag bilen araçäkleşýän etraba girdi.

Goranmak ministrligi 20-nji noýabrda öz bölümleriniň Agdam etrabyna, otuz ýyla golaý Ermenistanyň gözegçiligi astynda bolup, indi Dagly-Garabagyň töwereginde Azerbaýjana berilmeli edilen sebitleriň birine girendigini aýtdy.

"Azerbaýjan Respublikasynyň prezidenti, Ermenistan Respublikasynyň premýer-ministri we Russiýa Federasiýasynyň prezidenti tarapyndan gol çekilen üç taraplaýyn beýannama görä, 20-nji noýabrda Azerbaýjan goşunynyň bölümleri Agdam sebitine girdi" diýip, ministrligiň beýanatynda aýdylýar.

Azerbaýjan goşunlary ermeni esgerleri we tanklary bu sebitiň çäginden çykanyndan bir gün soň Agdam şäherine girdi.

Agdamdaky ermeni obalarynyň ýaşaýjylaryna öýlerini terk etmek üçin birnäçe gün wagt berildi, olar goş-golamlaryny ulaglara ýükläp, jaýlaryny otlamazdan öň öýlerini boşatdylar.

XS
SM
MD
LG