Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistana daşardan iberilýän puluň möçberi 148 million dollar azaldy


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Şu ýylyň ilkinji on aýynda Özbegistana iberilýän puluň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende üç göterim azaldy.

Merkezi bankyň habaryna görä, zähmet migrantlary ýanwar-oktýabr aýlarynda Özbegistana 4,88 milliard dollar iberdi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3% ýa-da 148 million dollar az serişdäniň iberilendigini aňladýar.

Şol bir wagtyň özünde, Özbegistandan daşary ýurtlara iberilýän puluň möçberi 8% ýokarlanyp, 67 million dollara ýetdi we 934 million dollara barabar boldy.

Netijede, serhetaşa pul geçirmelerindäki oňyn agdyklyk 3,95 milliard dollara ýetdi.

Migrant işçileriň koronawirus pandemiýasy sebäpli işlerini ýitirmegi we öýlerine gaýtmagy netijesinde Özbegistana daşardan iberilýän pullaryň azalmagy dowam edýär.

XS
SM
MD
LG