Müňlerçe belarusly öldürilen protestçi Raman Bandarenka bilen hoşlaşmaga geldi.
Hökümete garşy protestçiniň öldürilmegi dawaly saýlaw sebäpli awtoritar lider Aleksandr Lukaşenkanyň işinden çekilmegini talap edýän demonstrasiýalaryň has-da güýçlenmegine alyp geldi.
20-nji noýabrda Minskdäki Mesihiň direlişi ybadathanasynyň daşynda ýygnanan adamlaryň köpüsi ellerini galdyryp "Sen gahryman!" we "Ýaşasyn Belarus!" diýip gygyrdy.
Belarusda 9-njy awgustda geçirilen prezident saýlawyndan soň her gün diýen ýaly demonstrasiýa geçirilýär. Oppozisiýa saýlaw netijeleriniň galplaşdyrylandygyny aýtsa, Günbatar ýurtlary bu netijeleri kabul etmekden ýüz öwürendigini aýtdy.
Bandarenkanyň jesedi ybadathanadan çykarylyp, ulag bilen Minskiň demirgazyk gonamçylygyna äkidilende, müňlerçe adam pyýada onuň jkaýlanjak ýerine ugrady.
31 ýaşly Bandarenka 12-nji noýabrda maskaly howpsuzlyk güýçleri tarapyndan ýenjilenden soň keselhanada aradan çykdy.
Bandarenkanyň iň soňky ýazan "Men daşaryk çykýaryn" sözleri Lukaşenka garşy dowam edýän protestleriň şygarlarynyň birine öwrüldi.
Häkimiýetler 26 ýyllap Belarusy dolandyrýan Lukaşenkany sesleriň ýeňijisi diýip yglan edeninden bäri birnäçe demonstrant öldürildi we müňlerçe adam tussag edildi. Howpsuzlyk çäreleriniň giňeldilen wagtynda gynamalar barada ygtybarly maglumatlar bar.