Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günbatar ýurtlary koronawirus ýokuşmalaryny haýallatjak çäreleri güýçlendirýär


Praga. Çäklendirmelere garşy çykan protestçi
Praga. Çäklendirmelere garşy çykan protestçi

Çeh häkimiýetleri 21-nji noýabrda irden soňky 24 sagadyň dowamynda koronawirusyň ýene 5809 adama ýokuşandygyny habar berdiler. Bu ýurtda Covid-19 näsaglarynyň umumy sanyny 487,563-e ýetirdi.

Çehiýada bu keselden ölenleriň sany 7021-e ýetdi.

Çeh parlamentiniň aşaky palatasy 19-njy noýabrda hökümetiň koronawirus ýaýramagynyň öňüni almak üçin girizen komendant sagadyny we beýleki çäklendirmeleri öz içine alýan adatdan daşary ýagdaýyň 12-nji dekabra çenli uzaldylmagyna rugsat bermek üçin ses berdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda soňky ýedi günde 1 milliondan gowrak koronawirus ýokuşmasy hasaba alyndy, bu görkeziji diňe 20-nji noýabrda ýurtda 190,000 töweregi tassyklanan näsagyň hasaba alynmagy builen has-da ýokarlanar.

Häzir ABŞ-da 82,000-den gowrak adam keselhana ýerleşdirildi, bu 10 gün ozalkydan 50 göterim köp adamyň hassahana ýerleşdirilendigini aňladýar.

Gündelik ölümleriň ýedi günlük ortaça görkezijisi 1332-den gowrak bolup, 19-njy noýabrda bir günde ölenleriň sany iýun aýyndan bäri ilkinji gezek 2000-den geçdi.

20-nji noýabrda 22 ştat we köp sanly şäher wirusyň ýaýramagyny azaltmak üçin, komendant sagadyndan başlap, bölekleýin petiklenmä çenli çäklendirmeleri girizdi.

Kanadanyň iň uly şäheri Toronto we onuň töwerekleri indiki hepdeden başlap ikinji gezek petiklenjekdigini mälim etdi.

Ýewropanyň köp bölegi wirusyň ikinji tolkunynyň öňüni almak üçin çäklendiriji çärelere we petiklenmelere ýüz urýar.

XS
SM
MD
LG