Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz Konstitusiýasynyň gyssanmaç düzedilmeginiň töweregindäki alada güýçlenýär


Gyrgyz protestçileri. Bişkek. 22-nji noýabr, 2020
Gyrgyz protestçileri. Bişkek. 22-nji noýabr, 2020

Bişkegiň merkezinde Gyrgyzystanyň konstitusiýasyna girizilmegi teklip edilýän üýtgetmelere garşy müňlerçe adamyň toplanmagyna garaşylýar, opponentler bu üýtgetmeleriň häkimiýet çalyşmasyndan soň merkezi aziýa ýurdundaky azatlyklary we demokratiýany ýok etjekdigini öňe sürýärler.

22-nji noýabrdaky nägilelik ýygnanyşygy 4-nji oktýabrda geçirilen parlament saýlawlaryndan soň ýüze çykan syýasy krizisiň dowamy bolup durýar. Bu syýasy krizis dawaly saýlawdan soň türmeden boşadylan Sadyr Žaparowyň birnäçe Makiawelli primini ulanyp, premýer-ministr we ýerine ýetiriji prezident hökmünde orta çykmagyna sebäp boldy.

Žaparow gidýän parlamente basyş görkezmek bilen prezidentiň ygtyýarlyklaryny giňeldýän, parlamentiň ygtyrýarlyklaryny gowşadýan konstitusiýa düzedişleriniň başlanmagyny gazandy. Bu düzedişler kabul edilse, Halk gurultaýy (geňeşi) diýlip atlandyrylan täze ýerine ýetiriş guramasy döredilip, oňa hem parlament, hem hökümet hasabat bermeli.

"Gyrgyzystanyň wagtlaýyn mejlisiniň, hususan-da konstitusiýada göz öňünde tutulan amallara ters gelýän görnüşde, giňişleýin konstitusiýa üýtgetmelerini girizmäge kanuny hukugy ýok" diýip, adam hukuklaryny goraýan HRW guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň müdiri Hýug Williamson 21-nji noýabrdaky beýanatynda aýtdy.

"Gyrgyzystanyň adam hukuklaryna we kanununyň hökmürowanlygyna ygrarlydygyna şübhe bolmaz ýaly, islendik konstitusiýa reformasy täze parlament kasam kabul edilýänçä gijikdirilmeli” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

17-nji noýabrda köpçülige hödürlenen konstitusiýa üýtgetmeleri taslamasyna 10-njy ýanwara bellenen irki prezident saýlawlary wagtynda ses berler öýdülýär.

Bu üýtgetmeler parlamentiň web sahypasynda köpçülige mälim edileli bäri, ol häzirki we öňki gyrgyz resmileri we adam hukuklaryny goraýjylar, beýleki adamlar tarapyndan bir topar tankyda sezewar boldy.

XS
SM
MD
LG