Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýerewanyň merkezinde ýene premýer-ministr Paşinýanyň işinden aýrylmagyny talap etidler


Ýerewan, polisiýa tussag edilen protestçini alyp barýar. 20-nji noýabr, 2020.
Ýerewan, polisiýa tussag edilen protestçini alyp barýar. 20-nji noýabr, 2020.

Ýerewanyň Erkinlik meýdanynda ýene ýöriş geçirildi. Bu protest çäresi Orsýetiň hökümet delegasiýasynyň ýurda gelen wagtyna gabat geldi. Delegasiýanyň hataryna daşary işler ministri Sergeý Lawrow, goranmak ministri Sergeý Şoýgu, adatdan daşary ýagdaýlar ministri Ýewgeniý Ziniçew we başga-da birnäçe ministr girýär.

Şoýgu we Lawrow Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen aýratyn duşuşyk geçirdi. Duşuşyk wagtynda esasan Dagly-Garabag, rus parahatçylyk goraýyş güýçleriniň ýerleşýän ýerlerindäki ýagdaý barada maslahat edildi.

Lawrow Ýerewana Dsagly-Garabagdaky parahatçylykly durmuşy dikeltmek üçin uly programma bilen gelendigini belläp, häzir ýagdaýyň rus parahatçylyk güýçleriniň doly gözegçiligine geçirilendigini, olaryň sebitde 23 sany post gurandygyny aýtdy.

Rus delegasiýasy Ermenistandan soň Azerbaýjana gitdi.

Ona golaý adam Ýerewanyň merkezindäki Tigran Mets köçesinde ulaglaryň ýoluny petikledi. “Daşnaktsutýun” oppozisiýa partiýasynyň aktiwistleri premýer-ministr Nikol Paşinýanyň işinden aýrylmagyny talap etdi. Polisiýa ýol gatnawyny dikeltmek üçin birnäçe minut gerek boldy.

Bir sagada golaý wagt geçensoň, bir topar demonstrant ermeni hökümetiniň binasynyň golaýyndaky meýdançada üç reňkli ermeni baýdagyny ýerleşdirmäge synanyşdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň “Häzirki zaman” telekanalynyň maglumatyna görä, polisiýa derrew reaksiýa bildirýär we ulaglaryň ýoluny petikleýänleri ýüzüniň ugruna tussag edýär.

Ýerewandaky protestler 10-njy noýabrda, premýer-ministr Nikol Paşinýan Dagly-Garabagdaky söweşleriň bes edilendigini, Azerbaýjan we Russiýa bilen şertnama gol çekilendigini yglan edeninden soň başlandy.

Şertnamanyň şertlerine laýyklykda, Ermenistan we Azerbaýjan goşunlary şertnama gol çekilende ýerleşýän ýerlerinde galar we aragatnaşyk liniýasynda Russiýanyň parahatçylygy goraýyş missiýasy ýerleşdiriler.

XS
SM
MD
LG