Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystana halkara kömeginiň azalmagyna garaşylýar


Bosgunlar lageri, Owganystanyň Kapisa welaýaty, 22-nji noýabr, 2020

Owganystan parahatçylyk ugrundaky gepleşikleriň gowşak gidýän wagtynda we COVID-19 pandemiýasynyň onsuzam agyr gumanitar ýagdaýyny agyrlaşdyrýan pursadynda şu hepdede geçiriljek halkara kömegi boýunça uly konferensiýada ýurda berilýän kömegiň hasam kesilmegine sezewar bolup biler.

23-nji we 24-nji noýabrda Ženewada geçirijek 2021-2024-nji ýyllar aralygynda ösüş maksatlaryna we planlaryna gönükdirilen wirtual konferensiýasyna 70-den gowrak ýurduň wekilleriniň we gumanitar işgärleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bu ýagdaý Owganystanyň hökümetiniň we "Talyban" söweşijileriniň arasynda Katarda parahatçylyk gepleşikleriniň togtadylmagyna, Owganystanyň hemme ýerinde zorlugyň artmagyna we ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýanwar aýynyň ortalaryna ýurtdaky amerikan güýçleriniň sanyny azaltmak baradaky kararyna gabat geldi.

Diplomatlaryň Reuters habar agentligine aýtmagyna görä, Owganystana daşary ýurt kömeginiň ep-esli azaldyljak wagtynda Bütindünýä banky COVID-19 täsiri sebäpli Owganystanyň ykdysadyýetiniň şu ýyl azyndan 5,5% pese düşjegini çak edýär.

Daşary ýurt donorlarynyň korrupsiýa, adam hukuklary we syýasy özgertmeler üçin berk talaplaryny pugtalandyrmagyna hem garaşylýar.

2016-njy ýylda Brýusselde geçirilen iň soňky konferensiýada donorlar 2017-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli 15,2 milliard dollar möçberli kömegi wada beripdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG