Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Netijeler AstraZeneca COVID-19 sanjymynyň 90% täsirli bolup biljekdigini görkezýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

“AstraZeneca” kompaniýasy koronawirusa garşy öz sanjymynyň 90% çenli täsir edip biljekdigini, dünýäde 58 milliondan gowrak adama ýokaşan, 1,4 milliona golaý adamyň ölmegine we dünýä ykdysadyýetine täsir eden global pandemiýa garşy göreşde täze açyş bolandygyny aýtdy.

Oksford uniwersiteti tarapyndan işlenip düzülen sanjym, 23-nji noýabrda yglan edilen deslapky synag netijelerine görä, ýarym doza hökmünde, iň azyndan bir aý aralykda doly doza hökmünde kabul edilende COVID-19-yň öňüni almakda 90% täsirli bolupdyr.

Britaniýada we Braziliýada geçirlen soňky synaglarda waksina bilen baglanyşykly howpsuzlyk ýagdaýlary barada habar berilmedi.

Britaniýaly derman öndürijisiniň bildirişi ABŞ-daky bäsdeşleri "Pfizer" we "Moderna" kompaniýalaryň öz waksinalarynyň soňky hepdelerde 90%-den gowrak netijelilik görkezendigini yglan etmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Beýleki birnäçe derman öndürýän "Johnson & Johnson" we "Sanofi-GSK" ýaly iri kompaniýalar hem waksina öndürmekde öňe saýlanandygyny aýtdylar.

Orsýet we Hytaý eýýäm käbir sanjymlary elýeterli etdiler, ýöne olaryň howpsuzlygy we netijeliligi barada soraglar döreýär, synaglaryň ujypsyz bölegi daşarky medisina gözegçiligi üçin elýeterli boldy.

Saglygy saklaýyş ekspertleri dünýäde COVID-19 garşy waksina bolan talaby kanagatlandyrmak üçin köp sanjymlaryň gerek boljakdygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG