Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň kömekçisi Hytaýyň Sinjiaňdaky syýasatynyň pidalary bilen duşuşdy


Döwlet sekretarynyň kömekçisi Mari Roýs (çepden 4-nji) ozal Sinsjiaňdaky içerki lagerlerde tussag edilen we maşgala agzalary tussaglykda ýiten etnik gazaklar we uýgurlar bilen duşuşdy. Nur-Soltan, 2020-nji ýylyň 27-nji noýabry.
Döwlet sekretarynyň kömekçisi Mari Roýs (çepden 4-nji) ozal Sinsjiaňdaky içerki lagerlerde tussag edilen we maşgala agzalary tussaglykda ýiten etnik gazaklar we uýgurlar bilen duşuşdy. Nur-Soltan, 2020-nji ýylyň 27-nji noýabry.

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň kömekçisi Mari Roýs Hytaýyň hökümeti tarapyndan ýurduň demirgazyk-günbatarynda döredilen "lagerleriň" öňki bendileri bilen duşuşdy.

Bu barada ABŞ-nyň Gazagystandaky ilçihanasynyň web sahypasynda habar berildi.

Beýanatda Nur-Soltanda geçirilen ýygnaga "lagerlerden" geçen etnik gazaklaryň we uýgurlaryň, şeýle hem garyndaşlary içerki sürgüne sezewar edilen ýa-da dereksiz ýiten adamlaryň özleriniň gatnaşandygy aýdylýar.

Şeýle-de, beýanatda Roýsyň ýygnananlara "Hytaýyň masgaralaýjy syýasatlarynyň hakyky ýüzüni görkezýän" başdan geçirmeleri barada “aç-açan gürrüň bermekde görkezen batyrlyklary üçin” öz minnetdarlygyny bildirendigi aýdylýar.

"Biz sizi goldaýarys we Hytaý hökümetini adam hukuklarynyň bozulmagyny haýal etmän duruzmaga hem-de Sinjiaňdaky musulman we türk halkynyň öz dinlerine uýmak we medeniýetine hormat goýmak hukugyny ykrar etmäge çagyrýarys" diýip, ABŞ-nyň ilçihanasynyň web sahypasy döwlet sekretarynyň kömekçisiniň sözlerini sitirledi.

Sinjiaň sebitinde esasan yslam dinine uýýan ýerli etnik toparlara garşy giň gerimli repressiýa syýasatynyň alnyp barylýandygy baradaky maglumatlar 2018-nji ýyldan bäri peýda boldy.

Bu syýasatyň esasynda uýgurlaryň, gazaklaryň we beýleki etnik toparlaryň wekilleriniň zor bilen ýerleşdirilen "syýasy täzeden terbiýeleýiş lagerleri" durýar. BMG-niň maglumatlaryna görä, bu hili lagerlerde saklanylýan adamlaryň sany azyndan bir million.

Pekin başda Sinjiaňda şeýle tussaghanalaryň bardygyny inkär etdi, soň olaryň bardygyny boýun aldy, ýöne olaryň wezipesiniň “hünär öwretmekden”, “Integrasiýadan” ybaratdygyny; ekstremizmiň we terrorçylygyň öňüni almak maksady bilen döredilendigini aýdyp, öz diýenine tutýar.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar we ylmy barlagçylar bu "lagerleriň" assimilýasiýa we dini ybadatlaryň berjaý edilmegini ýok etmek üçin döredilendigine aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG