Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan Siriýa lagerlerindäki raýatlaryny yzyna getirmekçi bolýar


Siriýa. Al-Hol lagerindäki çagalar. Noýabr.
Siriýa. Al-Hol lagerindäki çagalar. Noýabr.

"Roýters" habar gullugynyň 29-njy noýabrdaky maglumatyna görä, Daşkent hökümetindäki ady aýdylmadyk çeşme Özbegistanyň öz raýatlarynyň ýene bir toparyny Siriýadan, "Yslam döwleti" toparynyň söweşijileriniň maşgalalarynyň ýaşaýan lagerinden yzyna getirmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.

Özbek delegasiýasy Siriýanyň kürtleriň gözegçiligindäki iki lagerine baryp gördi we 100-e golaý özbek raýaty, hususan-da aýallar we çagalar bilen olaryň Özbegistana dolanmaklary barada gürrüň geçirdi.

Çeşme “Roýters” habar gullugyna ol ýerdäki özbekleriň “agyr şertlerde ýaşaýandygyny we agyz suwy, azyk we lukmançylyk kömegi meselelerinde kynçylyk çekýändigini” aýtdy.

Birleşen milletler guramasy Al-Hol lagerinde takmynan 65 müň adamyň bardygyny aýdýar. Bu adamlaryň 28 müňi siriýaly, 30 müňi yrakly bolsa, ýene 10 müň çemesi adam beýleki daşary ýurtlaryň raýatlary diýip çaklanýar.

Özbegistan dikeldiş maksatnamasynyň çäginde geçen ýyl Siriýadan 220 töweregi aýal we çagany yzyna getirdi.

XS
SM
MD
LG