Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ar alyş çagyryşy edilýän wagtynda Eýran janyna kast edilen alymy jaýlady


Eýranyň ýokary derejeli ýadro fizigi Mohsen Fahrizadeniň jaýlanmak çäresi, Tähran, 30-nji noýabr, 2020

Eýran özüniň esasy duşmany hasaplaýan Ysraýyly günäkärleýän hüjümde öldürilen ýokary derejeli ýadro fizigi Mohsen Fahrizadeni jaýlamak çäresini geçirdi.

Döwlet telekanaly 30-njy noýabrda matam çäresini görkezdi. Fahrizadeniň gubury Tähranda hormat garawuly tarapyndan Goranmak ministrliginiň öňündäki açyk meýdandaky münberde ýerleşdirildi we bu ýerde Gurhan okaldy.

Goranmak ministri Amir Hatami we çärä gatnaşan beýleki ýokary derejeli resmiler koronawirus pandemiýasy sebäpli maskaly boldular we biri-birinden aýry oturdylar.

Fahrizade 27-nji noýabrda Tähranyň eteginde harby görnüşli hüjümde öldürildi.

Maglumata görä, ýük ulagyndaky bomba ýarylyp, ýaragly adamlar alymy oka tutdy.

Eýran bu hüjümde Ysraýyly günäkärledi. Ar alyş çagyryşlaryna garamazdan, Eýranyň hökümetiniň metbugat sekretary diplomatiýanyň henizem mümkindigini aýtdy.

Hökümetiň metbugat sekretary Ali Rabiei 29-njy noýabrda eden çykyşynda "irki harby hereketler ýa-da diplomatiýadan ýüz öwürmek bilen duzaga düşmeli däldiris" diýdi. Ondan öň Eýranyň prezidenti Hasan Rohani ýurduň "öz wagtynda" ar aljakdygyny aljakdygyny we "duzaga" düşmejekdigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG