Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Waksina programmasyny başlamaga taýýarlanýan Britaniýa optimizm bildirýär


Koronawirusa garşy waksina
Koronawirusa garşy waksina

Britan resmileri koronawirusa garşy 2 million dozany taýýarlandyklaryny we ýakyn birnäçe hepdäniň içinde sanjymlary köpçülikleýin edip başlamaga taýýarlyk görýändigini aýdýarlar.

30-njy noýabrda 58 000-den gowrak adamyň COVID-19 bilen baglanyşykly ölmegi bilen Ýewropada koronawirus zerarly iň agyr ýagdaýy başdan geçirýän Britaniýa ilatyna ölüm howply wirusa garşy sanjym edip başlajak ilkinji ýurtlaryň birine öwrülmäge umyt edýändigini aýtdy.

67 million ilatly ýurduň hökümeti mümkin boldugyça köp sanjym etmäge taýynlyk görýän mahaly, ýene ýedi sany dürli öndürijiden 350 milliondan gowrak doza sanjymyny satyn almaga razylyk berdi.

"The Guardian" we "Financial Times" gazetleriniň habaryna görä, hassahanalara sanjymlaryň ilkinji dozalary 7-nji dekabrdan başlap berilip bilner.

Londonyň Imperial kollejiniň eksperimental medisina boýunça professory Piter Openshaw "ýakyn iki hepdäniň içinde, hatda indiki hepde-de habar berilse geň galmajakdygyny" aýtdy.

ABŞ sanjym programmasynyň dekabr aýynda başlanjagyna umyt edýär.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň saglyk resmileri, köpçülikleýin waksina sanjymlaryna başlamak baradaky umytlandyryjy habarlara garamazdan, Täze ýyldan öňki baýramçylyklar möwsüminde keseliniň “köpelmegine” garaşylýandygy barada duýduryş bermegi dowam etdirýärler.

XS
SM
MD
LG