Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan güýçleri goşun bazasyna edilen hüjümiň arkasynda duran "Talyban" agzayny öldürdi


Howpsuzlyk işgärleri 2020-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Gazni welaýatynyň eteginde janyndan geçen hüjümçiniň goşun bazasyna eden hüjüminiň netijelerine syn edýärler.

Kabul owgan güýçleri tarapyndan öldürlen "Talyban" agzasynyň azyndan 30 sany howpsuzlyk işgäriniň ölmegine sebäp bolan bomba partlamalaryny amala aşyran janyndan geçen hüjümçileri taýýarlandygyny aýdýar.

Hamza Waziristani gündogar Gazni welaýatynda 29-njy noýabrda bombaçynyň Owganystanyň harby bazasyna hüjüm eden gijesiniň dowamynda howa hüjüminde öldürildi.

Gazniniň saglyk işgärleri 29-njy noýabrda bolan hüjümde 30 adamyň ölendigini aýtdylar, ýöne öz güýçlerine garşy edilen hüjümlerdäki pidalaryň sanyny adatça azaldýan Goranmak ministrligi 10 adamyň ölendigini habar berdi.

Bu hüjüm, birnäçe aýyň içinde Owganystanyň hökümet güýçlerine garşy edilen iň ganly hüjümleriň biri boldy. Sentýabr aýynda prezident Aşraf Ganiniň administrasiýasynyň we "Talybanyň" arasynda Katarda parahatçylyk gepleşikleriniň başlanmagyna garamazdan zorluk artdy.

Owganara gepleşikleri 2021-nji ýylyň maý aýyna çenli Owganystandan daşary ýurt goşunlarynyň yza çekilmegine ýol açan ABŞ-nyň we "Talybanyň" arasyndaky şertnamanyň bir bölegidir.

Demirgazyk-günbatar Badgys welaýatynda resmiler owgan goşunynyň brigada serkerdesiniň minomýotly hüjümde öldürilendigini habar berdiler.

Polisiýa işgärleriniň we ýerli ýaşaýjylaryň Azatlyk Radiosyna beren habaryna görä, 30-njy noýabrda goňşy Pakistanda näbelli ýaragly adamlar Demirgazyk Waziristan regionynda dört taýpa ýaşulysyny öldüripdir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG