Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa ilkinji bolup Pfizer-BioNTech COVID-19 waksinasyny tassyklady


Waksina pandemiýadan ozalky adaty durmuşa belli bir derejede dolanmak üçin iň gowy mümkinçilikleriň biri hasaplanýar.
Waksina pandemiýadan ozalky adaty durmuşa belli bir derejede dolanmak üçin iň gowy mümkinçilikleriň biri hasaplanýar.

Britaniýa dünýäde ilkinji ýurt bolup düýbi Germaniýada ýerleşýän BioNTech farmasewtiki kärhanasynyň ABŞ-nyň Pfizer kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyka döreden waksinasyny ulanyş üçin tassyklady we ony öňümizdäki hepdeden başlap ýaýradyp başlamagy göz öňünde tutýar.

Bu barada gürrüňi gidýän iki derman kärhanasy Nýu-Ýorkda we Germaniýanyň Mainz şäherinde mälim etdiler.

Munuň bilen, Britaniýa koronawirus waksinasyna Ýewropa Bileleşiginden we ABŞ-dan has ir eýe bolar.

Pfizer kompaniýasynyň baş dolandyryjysy Albert Bourla Britaniýanyň kararyny “taryhy pursat” diýip atlandyrdy.

Waksina pandemiýadan ozalky adaty durmuşa belli bir derejede dolanmak üçin iň gowy mümkinçilikleriň biri hasaplanýar. Koronawirus 1,5 million adamyň ölümine, şeýle-de global ykdysadyýetiň gowşamagyna sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG