Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iňlis kazyýeti gazak 'bank ogurlygy' diýilýän esasynda milliardlarça dollary doňdurdy


"Forbesiň" maglumatyna görä, Bolat Otemuratow baýlygy boýunça dünýäde 764-nji orunda durýar.

Angliýanyň kazyýeti Gazagystanyň BTA bankyndan ogurlanandygy aýdylýan milliardlarça dollar bilen baglylykda 5 milliard dollara çenli emlägi doňdurdy.

"The Wall Street Journalyň" (WSJ) 1-nji dekabrda beren habaryna görä, Angliýanyň we Welsiň Kärhanalar we emläk kazyýetleri 13-nji noýabrda kaşaň myhmanhanalardaky paýlary, alty ýurtdaky maliýe guramalarynyň hasaplarynda goýlan pullary we Gazagystandaky Burger King biznesini doňdurmagy buýurýan karar çykardy.

Habarda bu kararyň esasan döwlet eýeçiligindäki BTA bankynyň arzasyna esaslanandygy aýdylýar.

BTA banky indi ençeme ýyl bäri öz ozalky başlygynyň, Gazagystanyň hökümetini aç-açan tankytlaýan Muhtar Ablýazowyň 6 milliard dollardan gowrak pul ogurlandygyny tassyklap gelýär.

BTA-nyň arzasy Gazagystanyň iň baý telekeçilerinden we maýadarlaryndan biri bolan Bolat Otemuratowy hem Ablýazowa bankdan ogurlanan pullary gizlemekde kömek bermekde aýyplaýar.

Öňki prezident Nursultan Nazarbaýewiň we onuň maşgalasynyň ýakyn ýarany hökmünde tanalýan Otemuratow bu aýyplamalary metbugat wekili Olga Abdrahmanowanyň üsti bilen ret etdi. Metbugat wekiliniň WSJ-e aýtmagyna görä, bu aýyplamalar esasan BTA bankyň Maliýe guramasy ...we onuň hukuk hünärmenleri tarapyndan berlen ýalan resminamalara" esaslanýar.

Şeýle-de, BTA Gazagystanyň öňki resmisi, häzir Şweýsariýada ýaşaýan Wiktor Hrapunowy we onuň maşgala agzalaryny Ablýazowa pul ogurlamakda kömek bermekde aýyplaýar.

Muhtar Ablýazow we Ilýas Hrapunow
Muhtar Ablýazow we Ilýas Hrapunow

Hrapunowyň ogullygy Ilýas Ablýazowyň gyzy Madina öýlenen.

Ablýazow WSJ-nyň makalasyndan öň Otemuratowa bildirilýän aýyplamalar barada Facebookda makala çap edip, ony "Nazarbaýewiň gapjygy" diýip atlandyrdy. Onuň tassyklanmagyna görä, Otemuratow öňki prezident Nazarbaýewiň 5 milliard dollar töweregi gymmaty bolan emlägini saklaýar.

Ablýazowyň pikiriçe, Otemuratowa bildirilýän aýyplamalar syýasy sebäpli bolup, "ony fiziki we maddy taýdan ýok etmek" we Gazagystanyň syýasy sahnasyndan çykarmak synanyşygy bilen bagly.

Şeýle-de, Ablýazow BTA-nyň soňky göçüminiň arkasynda Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň (MHK) hökmürowan başlygy Karim Masimowyň durandygyny, onuň Nazarbaýewi biabraý etmek we emläklerinden aýyrmak isleýändigini öňe sürdi.

Otemuratowyň “Verny Capital” kompaniýasy Otemuratowyň Nur-Soltandadygyny we jemgyýetçilik işlerine ünsi jemläp, adatça bolşy ýaly, işini dowam etdirýändigini hem-de özüniň we başga-da birnäçe adamyň iňlis kazyýetinde aýyplanandygyny boýun alandygyny aýdyp, beýanat çap etdi.

"Muhtar Ablýazowa we Ilýas Hrapunowa garşy kazyýet işi ilkibaşda BTA Bank tarapyndan 2015-nji ýylda gozgaldy. 2020-nji ýylyň noýabrynda bank tarapyndan aýyplanýanlaryň sanawynyň giňelmegi bilen, Bolat Otemuratow we onuň işewür guramalaryna dahylly birnäçe adam günäkärlenýänleriň sanawyna goşuldy" diýip, kompaniýanyň beýanatynda aýdylýar.

Ilýas Hrapunow aklawçysy tarapyndan edilen metbugat beýanatynda özüne bildirilýän aýyplamalaryň "gülkünç we toslama" bolandygyny we esasan "toslanan kagyz işlerine" esaslanaýndygyny aýtdy. Şeýle-de ol BTA-nyň Otemuratowa garşy iş açmagyny ondan syýasy garşydaş hökmünde dynmak ähtimallygy bilen baglady.

80 ýaşly Nazarbaýew nebite baý merkezi aziýa döwletini 30 ýyl dolandyrandan soň, 2019-njy ýylyň mart aýynda işinden çekilen hem bolsa, dolandyryjy Nur-Otan partiýasynyň lideri, kuwwatly Howpsuzlyk Geňeşiniň ömürlik başlygy hökmünde ýurduň içerki we daşary syýasatynda möhüm rol oýnamagyny dowam etdirýär we "elbaşy" ýa-da "ýurduň lideri" hökmünde tasdan çäksiz ygtyýarlyklara eýe bolmagynda galýar.

Otemuratow we onuň iş gurluşlary köp ýyl bäri Nazarbaýew we onuň maşgala agzalary bilen baglanyşykly boldy.

Otemuratowyň metbugat wekili Abdrahmanowa WSJ-ä Gazagystanyň habar beriş serişdeleriniň tüçjaryň Nazarbaýew bilen arabaglanyşygy baradaky habarlarynyň çişirilendigini, Otemuratowyň baýlygynyň 3,2 milliard dollardygyny aýtdy.

"Forbesiň" maglumatyna görä, Otemuratow baýlygy boýunça dünýäde 764-nji orunda durýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG