Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus tokaýynda tapylan Maugli lakamly oglan kakasy bilen Özbegistana geldi


 Şuhrat Jalilow ogly Amal bilen watanynan dolandy.
Şuhrat Jalilow ogly Amal bilen watanynan dolandy.

Moskwa sebitinde kyn ýagdaýa düşen we tokaýda ýaşan özbek raýaty ýedi ýaşly ogly bilen Özbegistana dolandy.

Özbegistanyň daşarky zähmet migrasiýasy agentliginiň habar bermegine görä, 3-nji dekabrda Moskwa-Daşkent uçarynda gelen Şuhrat Jalilow we ogly Amal Jalilow guramanyň wekilleri tarapyndan Daşkent halkara howa menzilinde garşylandy we hemişelik ýaşaýan ýerine ugradyldy.

Ýerli internet neşirleri we sosial ulgamlar Amal Jalilowyň işsiz kakasy bilen Balaşihanyň golaýyndaky tokaýda ýerleşýän bir külbede ýaşaýandygyny we goňşulykda ýerleşýän etrapçanyň çagalary üçin gurlan oýun meýdançasyna oýnamaga gidendigini habar berdiler.

Oktýabr aýynyň aýagynda bu çaga Moskwanyň golaýyndaky şäheriň ýaşaýjylarynyň gözüne ildi. Şonda ol adamlara kakasy bilen tokaýda ýaşaýandygyny gürrüň berdi. Netijede, oglany ilki hassahana, soň ýetimler öýüne äkitdiler.

Daşarky zähmet migrasiýasy gullugynyň maglumatyna görä, Özbegistanyň raýaty, 1974-nji ýylda doglan Şuhrat Jalilow Russiýada köp ýyl ýaşady.

2013-nji ýylda onuň ukrain raýatyndan bir ogly boldy. Emma çaganyň ejesi 2020-nji ýylyň awgust aýynda aradan çykdy. Aýaly ölenden soň, Şuhrat Jalilow işini ýitirdi. Kireýine jaý almaga puly ýetmedi, üstesine pandemiýa we serhet ýapylmalary sebäpli watanyna hem gaýdyp bilmedi.

Şuhrat Jalilow we onuň ogly Amal Jalilow daşarky zähmet migrasiýasy agentliginiň Russiýada edarasynyň ofisiniň, Russiýadaky Özbek ilçihanasynyň we Halkara Migrasiýa Guramasynyň kömegi bilen Özbegistana gaýtaryldy.

"Narodnoye Slowo" gazeti 19-njy noýabrda Maugli lakamy berlen Amal Jalilowyň Balaşihanyň golaýyndaky tokaýda tapylandygyny we oňa dogluş şahadatnamasynyň berlendigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG