Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak raýaty 2020-nji ýylyň korrupsiýa garşy baýragyna mynasyp boldy


Gazagystanly Botakoz Kopbaýewa korrupsiýa garşy göreşýän halkara aýdyňlyk guramasynyň, Transparency Internationalyň 2020-nji ýyldaky korrupsiýa garşy baýragyna mynasyp boldy.

Azattyk radiosy (Azatlyk radiosynyň Gazagystan gullugy) bu maglumaty Halkara aýdyňlyk guramasynyň (TI) web sahypasyna salgylanyp habar berdi. Gazagystanly zenanyň “yzarlamalaryň we zorlugyň pidasy” bolandygy, görkezen “batyrlygy we edermenligi” üçin sylaglanandygy aýdylýar.

"Onuň häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanýanlara garşy görkezen tutanýerliligi dünýäde korrupsiýa garşy göreşýänleriň hemmesini ruhlandyrýar" diýip, Halkara aýdyňlyk guramasy aýtdy.

Kopbaýewa 2017-nji ýyldan bäri Almatydaky Kurmangazy Gazak milli konserwatoriýasynyň maliýe we ykdysady meseleler boýunça prorektory bolup işledi. 2018-nji ýylyň iýun aýynda bu okuw jaýynyň we onuň hasapçysynyň işinde bir ýyl ozal maliýe näsazlyklarynyň ýüze çykandygy habar berildi.

Şondan soň derrew konserwatoriýanyň prorektory, bu wezipäni 20 ýyl gowrak ýerine ýetiren Žaniýa Aubakirowa wezipesinden boşadyldy. Soňra prorektor Kopbaýewa garşy hüjüm edildi, onuň wezipe jogapkärçiligi okuw jaýynyň maliýe barlagyny hem öz içine alýardy we konserwatoriýa zähmet şertnamasyny ýatyrdy. Soňra Kopbaýewa kazyýetde işden çykarylmagynyň bikanun diýip ykrar edilmegini gazandy we wezipesine dikeldildi.

Kazyýet 2019-njy ýylyň maý aýynda konserwatoriýanyň öňki baş buhgalterini uly derejede ogurlykda günäkär tapdy. Ol kämillik ýaşyna ýetmedik çaganyň barlygy sebäpli bäş ýyl şertli ýagdaýda sekiz ýyl azatlykdan mahrum edildi. Şeýle-de, kazyýet ony konserwatoriýanyň hasabyna takmynan 128 million teňňe we 3,8 million teňňeden gowrak pajyny tölemeli etdi.

TI öz beýanatynda "gorkuzma kampaniýasyna", şol sanda "rehimsiz hüjüme" garamazdan, Kopbaýewanyň maliýe korrupsiýasyny we talyp haklary fondlarynyň ogurlanmagyny paş edendigini aýtdy.

Kopbaýewa bilen bilelikde owgan žurnalisti Zaki Darýabi hem sylaglandy. TI-iň belleýşi ýaly, baýrak "korrupsiýany paş edýän we oňa garşy göreşýän görnükli guramalary we şahsyýetleri" ykrar edýär.

XS
SM
MD
LG