Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp ştatdaky ýygnanyşygyň öňüsyrasynda Jorjadaky saýlaw netijelerini ýatyrtmaga synandy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň saýlaw kampaniýasy Jorja ştatynda, Trampyň bu ýerde ýygnanyşyk geçirmeginden bir gün öň ştatdaky ses berişligiň netijelerini ýatyrmak üçin kazyýete şikaýat arzasyny berdi.

Tramp 5-nji dekabrda ýygnanyşyk geçirmek üçin Jorja ştatyna gitmegi planlaşdyrýar. Respublikanlar onuň geljek aý geçiriljek ikinji tapgyr ses berişlikde senatorlar Kelli Loeffler we Deýwid Perdu üçin goldawa çagyrmagyna we öz nägileliklerine kän üns bermezligine umyt baglaýarlar.

4-nji dekabrda giçlik berlen şikaýat arzasy Trampyň 3-nji noýabrda geçirilen saýlawda prezident saýlanan Jo Baýdeniň gazanan netijelerini ýatyrtmak üçin eden kanuny şikaýatlarynyň häzirlikçe iň soňkusy bolup durýar.

Saýlaw netijelerini ýatyrmak üçin şu wagta çenli edilen sud şikaýatlarynyň hemmesi diýen ýaly, aýdylýan bidüzgünçilikler barada ýeterlik subutnama getirilmändigi üçin, yzyna gaýtaryldy.

Ştatyň saýlaw resmileri Baýdeniň 12 müňden gowrak ses alyp, ştatda ýeňiş gazanandygyny aýtdylar we Jorjanyň saýlaw netijelerini bireýýäm tassyk etdiler.

XS
SM
MD
LG