Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rumyniýalylar pandemiýa arasynda parlament saýlawlarynda ses berýär


Premýer-ministr Lýudowiç Orban ses berýär.
Premýer-ministr Lýudowiç Orban ses berýär.

Rumyniýalylar parlament saýlawlarynda ses berýärler. Bu saýlaw ýewropa tarapdar liberallaryň koronawirus pandemiýasyna garşy gören çäreleriniň tankytlaýan wagtynda häkimiýet başynda galyp-galmajagyny kesgitlär.

Saýlawçylar 6-njy dekabrda, Milli Liberal Partiýanyň azlyk hökümeti korrupsiýa dawa-jenjelleri we köpçülikleýin nägilelikler netijesinde dargan Sosial-Demokratik Partiýanyň hökümetinden üstün çykandan bir ýyl soň, senatorlary we wekilleri saýlaýarlar.

Premýer-ministr Lýudowiç Orbanyň ýolbaşçylygyndaky liberallar soňky pikir soralyşykda saýlawçylaryň 28 göteriminden gowragynyň goldawyny aldy, sosial-demokratlar 23% goldaw bilen ikinji orunda gelýär.

2-nji dekabrda IMAS tarapyndan geçirilen pikir soralyşyk Rumyniýanyň syýasy sahnasynda täze aktýor bolan merkez-sagçy ýaranlygy - “Rumyniýany halas et birleşigini”, “Azatlyk”, “Agzybirlik” we “Raýdaşlyk” partiýasyny 18% goldaw bilen üçünji orunda goýdy.

Synçylar, koronawirus we syýasatdan lapykeçlik zerarly, ses berişlige gatnaşygyň pes, 40% çemesi bolmagyna garaşýarlar, Orban saýlawçylary bu “wajyp” saýlawlara gatnaşmaga çagyrdy.

Premýer-ministr ses berenden soň eden çykyşynda saýlawçylar arassaçylyk düzgünlerini berjaý etseler, saýlaw uçastoklarynda wirus ýokuşma howpunyň ýokdugyny aýtdy.

Orbanyň ýarany, prezident Klaus Iohannis Buharestdäki saýlaw uçastogynyň daşynda saýlawlara gatnaşmagyň “adatdan daşary möhümdigini” aýtdy.

"Bu rumyniýalaryň problemalaryny çözýän we Rumyniýa üçin has gowy kanun çykarýan has gowy parlament saýlamak üçin taryhy gün" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýewropa Bileleşiginiň iň garyp agzalarynyň biri bolan Rumyniýa häzirki zaman desgalarynyň ýiti ýetmezçiligi, saglyk işgärleriniň ýurtdan gitmegi we giň ýaýran korrupsiýa sebäpli gowşan saglyk ulgamyna garamazdan, başda koronawirus pandemiýasyna garşy göreşde garaşylmadyk üstünlik gazandy.

Orbanyň hökümeti tarapyndan ýazda girizilen iki aýlyk adatdan daşary ýagdaýy öz içine alýan çäreler ýokuşmalaryň we adam heläkçiliginiň sanyny çäklendirdi, ýöne ykdysadyýeti uly kynçylyklara sezewar etdi.

Emma muňa garamazdan, ýokanç keseliň tomusdan soňky täze tolkunlary beýle aýgytly garşylanmady.

Keseliň ilkinji tolkunynda duş gelen kynçylyklaryndan hem çykyp ýetişmedik saglyk ulgamy 4-nji dekabra çenli ölenleriň sanynyň 12 müňe ýetmegi, gündelik kesel ýokuşmalarynyň aşa köpelmegi bilen, kyn ýagdaýda galdy.

XS
SM
MD
LG