Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-yň kiberhowpsuzlyk boýunça “FireEye” kompaniýasyna hüjüm edildi, Russiýa güman edilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

ABŞ-yň kiberhowpsuzlyk boýunça belli “FireEye” kompaniýasy “dünýä derejesindäki mümkinçilikleri bolan” hakerleriň hüjümine sezewar bolandygyny, şeýle-de hüjümi başga bir döwletiň maliýeleşdirendigine ynanýandygyny aýtdy.

Kompaniýanyň direktory Kewin Mandia hakerleriň kärhananyň toryna girip, müşderileriň howpsuzlygyny synamaga niýetlenen tilsimleri ogurlandyklaryny aýtdy.

“Hüjümçiler esasan belli-belli hökümet müşderilerine degişli maglumatlary gözlediler” diýip, Mandia 8-nji dekabrda belledi. Ol kiber hüjümine sezewar bolan müşderileriniň atlaryny agzamady. Haker hüjüminiň haçan ýüze çykarylandygy hem aýdyňlaşdyrylmady.

Kompaniýanyň blogunda hadysanyň Derňewler boýunça Federal Býuro (FBI) bilen birlikde derňelýändigi aýdylýar.

Kiber howpsuzlyk boýunça ekspertler başga bir döwletiň howandarlygyndaky hakerleriň ogurlanan tilsimleri özgerdip, olary hökümet ýa-da senagat nyşanalaryna garşy gönükdirip biljekdiklerini duýdurýarlar.

Kiber howpsuzlyk jemgyýetinde köpler hüjümiň arkasynda Russiýanyň durandygyny çaklaýar.

Düýbi Kaliforniýada ýerleşýän “FireEye” kompaniýasy dünýä boýunça hökümetlere we kärhanalara haker hüjümlerinden gorag hyzmatlaryny hödürleýär.

XS
SM
MD
LG