Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Minskde öldürilen protestçini hatyralan raýatlar türmä höküm edildi



Awgustda Minskde protestçi Alýaksandr Taraýkouskiniň pitnä garşy polisiýa tarapyndan öldürilen ýerinde "Biz Ýatdan Çykarmarys!" diýen ýazgy ýazyldy (arhiw suraty)
Awgustda Minskde protestçi Alýaksandr Taraýkouskiniň pitnä garşy polisiýa tarapyndan öldürilen ýerinde "Biz Ýatdan Çykarmarys!" diýen ýazgy ýazyldy (arhiw suraty)

Minskiň iki ýaşaýjysy awgustda pitnä garşy polisiýa tarapyndan öldürilen protestçiniň heläk bolan ýerinde “Biz Ýatdan Çykarmarys!” diýen ýazgyny ýazany üçin, her biri iki ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Frunze etrabynyň sudy aýry-aýry diňlenişikde 26 ýaşly Maksim Paulýuşçygy we 25 ýaşly Uladzislau Hulisi huligançylykda günäli tapyp, şol günüň özünde olara tussaglyk hökümini çykardy.

Paulýuşçyk bilen bile aýyplanan 25 ýaşly Mariýa Babowiç hem huligançylykda günäli tapylyp, şertli tussaglyk çäklendirmelerine çalymdaş, 18 aýlyk “çäklendirilen azatlyga” höküm edildi.

Hulis bilen birlikde aýyplanan 42 ýaşly Dzýanis Hrakhanau we 25 ýaşly Ihar Samusenka hem günäli tapylyp, olaryň her biri 18 aý möhlet bilen açyk türmä höküm edildi.

Belarusda açyk türmä höküm edilen adamlar umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýarlar we döwlet kärhanalarynda, adatça, senagat obýektlerinde zähmet çekýärler. Iş wagtyndan soňra olaryň hereketi çäklendirilýär we 22:00-dan soňra olara umumy ýaşaýyş jaýyndan çykmaga rugsat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG