Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Gyrgyzystanyň öňki gümrük resmisi Matraimowa garşy Magnitskiý sanksiýalaryny girizdi


Raimbek Matraimow
Raimbek Matraimow

Birleşen Ştatlary Gyrgyzystanyň öňki gümrük resmisi Raimbek Matraimowa garşy sanksiýa girizdi. Ol öz ýurdunda baý we täsirli syýasy oýunçy bolup, häzirki wagtda öý tussaglygynda saklanýar.

ABŞ-nyň Gazna departamenti 9-njy dekabrda bu Merkezi Aziýa ýurdundaky giň korrupsiýa we pul ýuwmak shemasynda Matraimowyň roly sebäpli oňa garşy sanksiýa girizýändigini yglan etdi.

700 million dollarlyk shema Matraimow tarapyndan gözegçilik edilýän we gümrük paçlaryndan hem-de beýleki düzgünlerden sowlup geçmek üçin resmilere para berýän, şeýle-de “maksimum düşewünde ýol açyp”, pul ýuwmak bilen meşgullanýan kompaniýa gatnaşýar diýip, Gazna departamenti aýtdy.

“Matraimow özüniň Gyrgyz gümrük Gullugyndaky öňki orunbasar wezipesinden peýdalanyp, gümrük shemasyna gatnaşygynyň netijesinde ýüzlerçe million dollar edindi” diýip, departament aýtdy.

Sanksiýalar Birleşen Ştatlarda 2012-nji ýylda kabul edilen Magnitskiý Aktyna laýyklykda girizildi. Bu kanunçylyk adam hukuklarynyň bozulmagyndan we möhüm korrupsiýa hereketlerinden jogapkär adamlary jezalandyrýar.

Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň, Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa hasabaty proýektiniň hem-de “Kloop” gyrgyz habar saýtynyň Hytaýda doglan uýgur iş adamy Aierken Saimaiti tarapyndan ýurduň daşyna pul çykarýan korrupsiýa shemasynyň üstüni açan bilelikdäki derňewinde Matraimowyň ady agzaldy. 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Stambulda Saimaitiniň janyna kast edildi.

XS
SM
MD
LG