Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda ýaşlaryň 34% para almagy korrupsiýa hasaplamaýar


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Korrupsiýa garşy göreş gullugy we U-Report platformasy Özbegistanda ýaşlaryň arasynda korrupsiýa barada piker soraýyş geçirdi.

Düzülen sorag anketasyna jogap bermäge respublikanyň dürli sebitlerinde ýaşaýan 15 507 adamyň gatnaşandygy aýdylýar.

Soraglara jogap berenleriň 30 göterimi aýallardan ybarat boldy. Sorag berlenleriň 53 göteriminiň pikirine görä, "korrupsiýa para bermekden, gorkuzyp almakdan we talamakdan başlap, ogurlyk we häkimiýet ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmak ýaly ähli nogsanlygy öz içine alýar".

Şol bir wagtda, soraga gatnaşanlaryň 34 göterimi parahorlugy korrupsiýa diýip hasaplamaýar.

Soraga gatnaşanlaryň 13% -i korrupsiýanyň ähli sebäbini parahorlukda görýär.

Pikirini aýdanlaryň 70 göteriminiň pikiriçe, para alýan hem, para berýän hem korrupsiýada günäkär bolup durýar.

Soraga jogap berenleriň 22 göterimi korrupsiýanyň sebäbini aýlyklaryň az bolmagynda görse, 15 göterimi onuň sebäbini emeldarlaryň girdejilerine we çykdajylaryna gözegçilik edilmezliginde görýär.

Korrupsiýanyň sebäbini kanuny sowatlylygyň pesliginde görýänler 12%, döwlet gullukçylarynyň wezipeparazlygynda görýänler 11%, çäre görülmezliginde görýänler 10% boldy.

Soraga gatnaşanlaryň 21 göterimi korrupsiýa bilimde, 14 göterimi saglygy goraýyşda, 12 göterimi iş üpjünçiliginde, 10 göterimi prokuratura we içeri işler edaralarynda has giň ýaýran diýip hasaplaýar.

XS
SM
MD
LG