Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan Siriýadaky lagerlerde bolýan öz raýatlaryny ýurda getirmek üçin Asadyň hökümeti bilen gepleşik alyp barýar 


Siriýadaky "al-Hasaka" lageri.
Siriýadaky "al-Hasaka" lageri.

Täjigistanyň Kuweýtdäki ilçisi Siriýa hökümetiniň agzalary hem-de Halkara Gyzyl Haç komitetiniň (iňlisçe - ICRC) wekilleri bilen duşuşyp, bu arap döwletinde bolýan öz watandaşlaryny ýurda getirmek üçin, gepleşik alyp barýar.

Täjigistanyň DIM-niň berýän maglumatyna görä, ilçi Zubaýdullo Zubaýdzoda Gyzyl Haç jemgyýetiniň wekilleri hem-de Siriýanyň daşary işler ministri Faýsal al-Mikdad bilen duşuşyp, Täjigistanyň graždanlaryny Al-Hol lagerinden repatriasiýa etmek meselesini maslahatlaşypdyr.

Al-Hol hem-de beýleki bir lager al-Hasakada öňki “Yslam döwleti” toparynyň agzalarynyň maşgalalary bolan 500-den gowrak täjik aýallary hem çagalary bar.

Täjigistanyň Kuweýtdäki ilçihanasynyň wekiliniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, 8-nji dekabrda olar Täjigistanyň graždanlaryny hasaba almak üçin, Al-Hol lagerine barypdyrlar, sebäbi şol lagerde täjikleriň köprägi bolýar, ol lagerdäki aýallaryň hem çagalaryň sany 400-den geçýär.

Ilçi Zubaýdullo Zubaýdzoda häzir iş sapary bilen Siriýanyň paýtagty Damaska barýar. Onuň sözüne görä, ýakyn günlerde Täjigistanyň graždanlary ýurduna dolanyp bilerler.

Täjik aýallary hem çagalary 2017-2018-nji ýyllarda “Yslam döwleti” topary dargadylanda, öz-özüni goraýan kürt güýçleri tarapyndan bu lagerlere getirilipdi.

Täjigistanyň hökümeti olary ýurda dolap getirmek plany barada birnäçe gezek beýanat ýaýratdy, ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli ol iş nämälim möhlete yza süýşürildi.

Şol wagtyň özünde iki Merkezi Aziýa ýurtlary bolan Özbegistan hem Gazagystan Siriýadan öz graždanlarynyň ençemesini yzyna getirip bildi. Täjigistan tarapy Başar Asadyň hökümeti bilen gepleşik geçirýärkä, 29-njy noýabrda Özbegistanyň resmi delegasiýasy kürt güýçleri bilen duşuşyp, 100 çemesi aýaly hem çagany ýurda getirip bildi.

Al-Hol lagerinde saklanýan Täjigistanyň bir graždanini anonim şertde Azatlyk Radiosy bilen gürleşende, täjik hökümetiniň häzirki gelen kararyndan örän hoşal bolandygyny aýtdy. Ol aýaly 2014-nji ýylda adamsy Siriýa alyp barypdyr. Birnäçe aý geçenden soň, onuň adamsy harby çaknyşyklaryň birinde ýogalypdyr.

Ol aýalyň sözüne görä, aýallaryň köpüsi bu gan döküşikli uruş barýan ýurda öz adamsynyň basyşyna çydaman gelipdir, olaryň aldawa düşüp gelenleri-de bar, indi bolsa olar ýyllap ýurduny küýseýärler.

2014-nji ýylda “Yslam döwleti” diýilýän topar Siriýanyň hem Yragyň belli bir bölegini öz kontrollygyna alyp, ony ‘Yslam halyfaty’ diýip atlandyrdy. Resmi maglumata görä, öz-özüni halyfat diýip yglan eden bu ýere 2 müňden gowrak Täjigistanyň graždanlary gelipdir. Ekspertleriň pikirine görä, köp täjigistanly ýalan-aldaw çagyryşyň pidasy bolupdyr ýa-da Täjigistandaky dini çäklendirmelerden närazy bolup, ol ýere gidipdir.

«Çadyrlar şäherçesindäki sanitariýa ýagdaýlary ýaramaz. Meniň häzir gyzgynym bar, maňa bolsa kelleagyra garşy derman berdiler. Wraçlar örän az, olar hemme kişä ýetişmeýär. Biziň öýümize dolanasymyz gelýär» diýip, ol aýal aýdýar.

Duşenbäniň resmi wekilleri täjik graždanlaryny yzyna gaýtarmak meselesini çözmek üçin, Başar Asadyň hökümet agzalary bilen eýýäm birnäçe gezek duşuşdylar. Ýöne meseläniň kyn tarapy, täjigistanly graždanlaryň saklanýan lagerleri öz-özüni goraýan kürt güýçleriniň kontrollygyndaky territoriýada ýerleşýär. Ol güýçler bolsa Başar Asadyň hökümetine boýun egmeýärler hem garaşsyz hereket edýärler. Şonuň üçin bilermenleriň pikirine görä,

Başar Asadyň hökümet agzalary bilen duşuşmagyň aýratyn bir ähmiýeti ýok.

«Maňa mälim bolşuna görä, Russiýa, Gazagystan hem Özbegistan öz graždanlaryny ýurda dolamak üçin, gös-göni kürt güýçleri bilen gepleşik geçirýär. Diplomatiki kadalara laýyklykda, bu barada Başar Asadyň hökümetine mälim ediji habar berýärler. Başar Asadyň hökümeti bu meseläni çözmäge täsir edip bilmeýär. Galan ähli meseleleri kürt güýçleri çözýärler» diýip, Al-Hol lagerinde ýaşaýan aýal aýdýar.

BMG-niň maglumatyna görä, Siriýanyň Al-Hol lagerinde 65 müň aýal hem çaga saklanýar, olardan 10 müň adam daşary ýurtlardan bolanlar hasaplanýar. Olaryň arasynda-da 570-den gowragy Täjigistanyň graždanlarydyr.

Material Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG