Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hukuk goraýjylar halkara jemgyýetçiligini Türkmenistan bilen 'berk gürleşmäge' çagyrýar


 TI-niň başlygy Farid Tuhbatullin
TI-niň başlygy Farid Tuhbatullin

Hukuk goraýjy toparlar halkara jemgyýetçiligini Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň ýyl dönümi bilen bagly ikuçsyz habar ibermäge çagyrýarlar.

Adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” we Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlygy toparlary 11-nji dekabrda, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramynyň bir gün öňünden beýanat çap edip, Türkmenistanda adam hukuklary hormatlanmasa, dowamly howpsuzlygyň bolmajakdygyny duýdurdylar.

“Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlary şu hepde, döwlet bitaraplygynyň yglan edilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýän uly dabaralarda, onuň ýolbaşçylaryna häkimiýetler kanunyň hökmürowanlygyny bozup, raýatlary esasy hukuklaryndan we azatlyklaryndan mahrum etmegi dowam etdirdigiçe, durnukly howpsuzlygyň we ösüşiň mümkin däldigini ýatlatmalydyrlar” diýip, beýanatda aýdylýar.

“Türkmeni inisiatiwasy” we Adam hukuklary boýunça halka hyzmatdaşlygy Ýewropa Bileleşigini we has giň halkara jemgyýetçiligini bu habary häkimiýet başynda oturanlara açyk, ýürekden we ikuçsyz ýagdaýda, hökümet wagyzlary üçin nädogry ulanylmaz ýaly edip ýetirmäge çagyrýar.

"Ýurduň halkara hyzmatdaşlary Türkmenistanyň yglan eden döwlet bitaraplygy babatda sypaýyçylykly gürrüň edip oňman, onuň hökümetine adam hukuklaryna we kanunçylyga hormat goýmazdan dowamly parahatçylygy, howpsuzlygy we adalaty gazanyp bolmajakdygyny pert-pert we aç-açan aýtmalydyrlar" diýip, TI-niň başlygy Farid Tuhbatullin aýtdy.

"Türkmenistanyň režimi bu ýyl dönümini özüniň halkara abraýyny ýokarlandyrmak we, hamala, parahatçylyk dörediji tagallalary sebäpli halkara derejesinde ykrar edilýändigini görkezmek üçin ulanmaga çalyşýar, ýöne halkara jemgyýetçiligi bu oýna goşulmaly däl" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistan Bitaraplygyň yglan edilmeginiň ýyl dönümini ýylyň başyndan bäri, döwlet tarapyndan gurlan täze desgalaryň açylyşyndan başlap, sergiler we sport çäreleri ýaly dürli çäreler bilen belläp gelýär.

Bu dabaralar 12-nji dekabrda, Bitaraplyk güni, “bitaraplyk syýasatlarynyň halkara parahatçylygyny, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly iki günlük halkara konferensiýa, uly banket we gala konserti bilen tamamlanar diýip, hukuk goraýjylar bu çäreleriň Türkmenistanda, dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň birinde has agyrlaşan döwürde, Covid-19 ýokuşmalaryndan ejir çekýän we ölýän adamlaryň sanynyň köpelýän wagtynda geçirilýändigini belleýärler.

Türkmenistanda dünýäde öz çäginde hiç bir koronawirus näsagyny resmi taýdan hasaba almadyk az sanly ýurtlaryň biri bolmagynda galýar.

Emma muňa garamazdan, Azatlygyň habarçylary ýurtdaky keselçilik hadysalarynyň saglyk edaralarynyň işgärlerini we ýaşaýjylary kyn ýagdaýlara salýandygyny habar berýärler.

XS
SM
MD
LG