Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident we beýlekiler döwlet sylaglaryny baş egip, ýüzlerine sylyp kabul etdi


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow täze ordenini maňlaýyna sylýar. Türkmen TW-sinden alnan surat.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow täze ordenini maňlaýyna sylýar. Türkmen TW-sinden alnan surat.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň “Bitaraplyk” ordeni hem-de “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglandy.

Şeýle-de, döwlet baştutany Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanyşa goýberilen milli manatz, halk süýjüliginden toý paý hem berildi diýip,TDH 11-nji dekabrda habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Mejlisiň başlygy, Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasarlary, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň häkimleri we beýlekiler “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.

Sylag alanlaryň arasynda prezident Berdimuhamedowyň ogly Serdar, Britaniýada we BAE-de ilçi bolup işleýän giýewileri hema bar.

Sylag alan resmilere baýramçylyk mynasybetli ulanyşa goýberilen milli manat we toý süýjüligi hem gowşuryldy.

Türkmen emeldarlaryndan başga, prezidentiň karary esasynda, daşary ýurt raýatlary hem sylaglandy.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy Natalýa Drozd “Bitaraplyk” ordeni bilen sylaglandy.

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blokhin, Türkmenistanda doglan rus kosmonawty Oleg Kononenko, BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş, BMG-niň öňki Baş sekretary Pan Gi Mun; ÝHHG-niň öňki baş sekretary Lamberto Zannier, Ýaponiýanyň öňki premýer-ministri Şinzo Abe, BSG-niň pandemiýa taýýarlygyna baha bermek boýunça garaşsyz toparynyň müdiri Klark Helen, ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Pýer Žan Lui Aşil Morel, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary Kristian Friis Bah we beýleki birnäçe halkara resmisi “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna” diýen medal bilen sylaglandy.

Olara bu sylaglaryň “amala aşyrylýan işlerde görkezen hyzmatlary, işjeň hem-de önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işleri, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti” üçin berlendigi aýdylýar.

Sylaglar, soňky ýyllarda adat bolşy ýaly, baş egmek we ýüze sylmak bilen kabul edildi.

Türkmen TW-si döwlet sylaglaryny gowşurmak dabaralarynyň tutuş ýurt boýunça geçirilendigini, şol sanda Türkmenistanda işleýän daşary ýurt guramalarynyň wekilleriniň hem sylaglary minnetdarlyk bilen kabul edendigini habar berýär.

Döwlet sylaglary bilen sylaglananlaryň doly sanawy metbugatda çap edildi.

XS
SM
MD
LG